Saul Alwares amerikaly Edgar Berlangany ýeňip, dünýä çempionynyň üç sany titulyny gorady

  • 15.09.2024 14:36
  • 10k+

Meksikaly Saul Alwares amerikaly Edgar Berlangadan üstün çykyp, 76,2 kg çenli agram derejesinde Bütindünýä boks geňeşiniň (WBC), Bütindünýä boks assosiasiýasynyň (WBA Super) we Bütindünýä boks guramasynyň (WBO Super) wersiýalary boýunça dünýä çempiony titullaryny saklady.

Las-Wegasda (Newada ştaty) geçirilen ikinji orta agramda söweş tutuş 12 raund dowam edip, 34 ýaşly meksikalynyň emin agzalarynyň biragyzdan karar bermegi netijesinde ýeňiş gazanmagy bilen tamamlandy.
Alwaresiň hasabynda 62 ýeňiş, iki ýeňliş we iki deňme-deňlik bar. 27 ýaşly Berlanga üçin bu ýeňliş karýerasynda ilkinji boldy. Onuň hasabynda 22 ýeňiş bar.
Ýatlap geçsek, ilkibaşda bu söweş absolýut dünýä çempiony tituly ugrunda bolmalydy, ýöne ýakynda Alwares hökmany dalaşgär Uilýam Skulla garşy gorag geçirmekden ýüz öwrendigi üçin IBF guşagyndan mahrum boldy.


01.06.2026 10:58
6.7k+

Oktagondan düşege: Sarukýan bilen Kowington göreş tutluşygynda duşuşar

Asly ermeni bolan russiýaly söweşiji Arman Sarukýan UFC-niň öňki wagtlaýyn çempiony, amerikaly Kolbi Kowington bilen göreş tutluşygyny geçirer. Real American Freestyle (RAF) guramasy erkin göreş boýunça......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

25.05.2026 16:52
10k+

Kikboksçy Werhowen Usikden ýeňlenden soň resmi şikayat etdi

Niderlandly meşhur kikboksçy Riko Werhowen ukrainaly dünýä çempiony Aleksandr Usikden ýeňlenden soň tutluşygyň netijesine resmi taýdan garşylyk bildirdi. Ol eminiň 11-nji raundda tutluşygy wagtyndan öň......

24.05.2026 15:33
11k+

Usik çempionlyk söweşinde kikboksçy Werhoweni nokaut etdi

Ukrainaly boksçy Aleksandr Usik kikboksçy Riko Werhoweni 11-nji raundda tehniki nokaut bilen ýeňdi we agyr agramdaky WBA, WBC we IBF çempionlyk titullaryny gorap galdy....