Türkmenistanda oktýabr-noýabr aýlarynda halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlar geçiriler (Sanawy)

  • 14.09.2024 11:39
  • 5.7k+

Türkmenistanyň Bilim ministrligi şu ýylyň oktýabr-noýabr aýlarynda ýurdumyzyň ýokary okuw mekdeplerinde halkara olimpiadalary we ylmy-amaly maslahatlary geçirmegi meýilleşdirýär. Bu boýunça taýýarlanan teklibi wise-premýer B.Orazdurdyýewa Hökümet mejlisinde Türkmenistanyň Prezidentiniň garamagyna hödürledi.

Hususan-da,

  • 16-17-nji oktýabrda Türkmen oba hojalyk institutynda «Agroinnowasiýalar: durnukly ösüşiň röwşen ýoly» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-taslamalar bäsleşigini;
  • 1-nji noýabrda Türkmen döwlet maliýe institutynda «Maliýe hasabatlylygynyň halkara standartlary» dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • 6-njy noýabrda S.A.Nyýazow adyndaky Türkmen oba hojalyk uniwersitetinde «Agrosenagat toplumynyň durnukly ösüşi»;
  • 13-nji noýabrda Ýagşygeldi Kakaýew adyndaky Halkara nebit we gaz uniwersitetinde «Himiýa we gazhimiýa innowasion tehnologiýalaryň geljegi» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahatlary;
  • 15-nji noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda maliýe dersi boýunça Açyk halkara internet olimpiadasyny;
  • 29-njy noýabrda Türkmen döwlet ykdysadyýet we dolandyryş institutynda «Ykdysadyýetiň durnukly ösüşi: halkara tejribe we ösüşiň geljekki ugurlary» atly sanly ulgam arkaly halkara ylmy-amaly maslahaty;
  • 18 — 20-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde filosofiýa;
  • 21 — 23-nji noýabrda Halkara ynsanperwer ylymlary we ösüş uniwersitetinde ykdysadyýet dersleri boýunça halkara internet olimpiadalaryny;
  • 20-nji noýabrda Myrat Garryýew adyndaky Türkmenistanyň Döwlet lukmançylyk uniwersitetinde biologiýa dersi boýunça III halkara internet olimpiadasyny;
  • 25 — 30-njy noýabrda Magtymguly adyndaky Türkmen döwlet uniwersitetinde himiýa dersi boýunça III halkara olimpiadasyny geçirmek meýilleşdirilýär.

Bu halkara olimpiadalara, ylmy-amaly maslahatlara ýurdumyzyň ýokary okuw mekdepleriniň talyplary, professor-mugallymlary, alymlary bilen bir hatarda, Russiýa Federasiýasynyň, Hytaý Halk Respublikasynyň, ABŞ-nyň, Koreýa Respublikasynyň, Birleşen Arap Emirlikleriniň, Awstriýanyň, Germaniýanyň, Belarusuň, Malaýziýanyň, Özbegistanyň, Gazagystanyň, beýleki onlarça döwletiň abraýly ýokary okuw mekdepleriniň talyplarynyň, alymlarynyň gatnaşmagyna garaşylýar. Halkara derejeli intellektual ýaryşlarda ýeňiji bolan zehinli talyplary medallar, dürli derejeli diplomlar bilen sylaglamak göz öňünde tutulýar.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......