“Buz eýýamy” dowam edýär: franşizanyň altynjy bölümi işlenip başlandy

  • 13.09.2024 14:37
  • 4.1k+

Aktýor Jon Leguizamo “Buz eýýamy” (Ледниковый период) animasion franşizasynyň altynjy bölüminiň üstünde işlenilýändigini habar berdi.

“Men muny eşidendigime begenýärin. Biz “Buz eýýamy 6-nyň” üstünde işleýäris” – diýip, Leguizamo NPR radioýaýlymynda aýtdy.

Franşizany Blue Sky-dan satyn alan Disney studiýasy bu habara teswir bermedi.
Multfilmde Leguziamo leniwes Side ses berdi. Ilkinji multfilm 2002-nji ýylda çykdy we mamont Menniniň, gylyç dişli gaplaň Diegonyň we Sidiň taryhdan öňki döwürlerde başdangeçirmeleri barada gürrüň berdi. Gahrymanlar adam çagasyny onuň ýakynlaryna gowşurmak isleýärler.
Şeýle-de, multfilmiň ýene bir belli gahrymany dub gozasyny “kowalap ýören” belka Skretdir. Umumylykda “Buz eýýamy” dünýä prokatynda 3,2 mlrd dollar gazandy. “Buz eýýamy: Uly çaknyşyk” (Ледниковый период: Столкновение неизбежно) atly soňky, bäşinji bölüm 2016-njy ýylda çykdy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......