Bentley taryhynda iň kuwwatly sedany - Flying Spur 2025-i hödürledi

  • 13.09.2024 12:00
  • 5.8k+

Bentley brendiň taryhynda iň kuwwatly bolan Flying Spur 2025 sedanyny hödürledi. Bu barada IXBT ýazýar.

Awtomobil 771 at güýjüni berýän goşa turboly 4,0 litrlik gibrid V8 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Bu öňki W12 modeli bilen deňeşdirilende 19% has kuwwatlydyr. Awtomobil 3,3 sekuntda tizligini sagatda 96 km çenli artdyrýar.
Flying Spur 2025 elektrik tirkegde 75 km çenli menzili üpjün edýän 25,9 kWt/sag akkumulýator bilen enjamlaşdyryldy. Awtomobil dört sürüş režimini goldaýar: Pure EV, Electric Boost, Regenerative Braking we Charge. Zarýad beriş wagty 11 kWt kuwwatda 2 sagat 45 minuta barabar.

Adaty toplumda täze Active Chassis ulgamy, 10 dinamikaly audioulgam, şeýle-de kuzowyň reňkiniň 101 görnüşi hödürlenýär.
2025-nji ýylyň modeliniň bahasy heniz yglan edilmedi, ýöne häzirki modeliň bahasy 217 000 dollardan başlaýar.

düýn 09:56
2.2k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....