Stiwen Spilberg Cola bilen Pepsi brendleriniň dawasy baradaky filme prodýuserlik eder

  • 13.09.2024 11:56
  • 5k+

Stiwen Spilberg Cola we Pepsi kompaniýalarynyň arasyndaky gapma-garşylyk barada täze film “Kola söweşleriniň” (Cola Wars) prodýuseri hökmünde çykyş eder. Bu barada Deadline habar berýär.

Režissýorlyk kürsüsini Jadd Apatou eýelär. Taslama Sony Pictures gözegçilik eder. Sýužet boýunça, 1980-nji ýyllaryň ortalarynda Pepsi dünýäniň iň esasy gazlandyrylan içgisi adyny Coca-Cola-dan almaga synanyşýar we munuň üçin aýdymçy Maýkl Jekson ýaly meşhur şahsyýetleri işe çekýär. Mahabat wideolarynyň biriniň surata düşürilişinde Jekson agyr ýanyk aldy.
Ilkinji gezek taslama şu ýylyň aprel aýynda yglan edildi. Filmiň ssenariýaçylary hökmünde Jeýson Şuman (“Akapulko”) we Ben Kuin (“Ulaglar 3”) çykyş etdi. Filmiň aktýorlar düzümi we çykjak senesi heniz belli däl.
Häzirki wagtda Spilberg UFO bilen bagly film taýýarlaýar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......