Ýewropa kazyýeti Apple kompaniýasyny rekord €13 mlrd salgyt tölemäge borçlandyrdy

  • 12.09.2024 23:07
  • 6.8k+

ÝB-niň Kazyýetiniň ýokary instansiýasy bolan Ýewropa kazyýeti Apple korporasiýasynyň 13 mlrd ýewro möçberde tölenilmedik salgydy tölemelidigi barada karar çykardy. Karar öň amerikan kompaniýasyny goldan kazyýetiň aşaky instansiýasynyň çözgüdi ýatyrylandan soň çykaryldy.

2016-njy ýyldan bäri seredilýän kazyýet işi Ýewrokomissiýanyň Apple bilen Irlandiýanyň häkimiýetleriniň arasyndaky bikanun salgyt ylalaşygy baradaky netijeleri bilen baglanyşyklydyr. 2016-njy ýylda Ýewrokomissiýa Irlandiýanyň Apple kompaniýasyna ÝB-niň düzgünlerini bozýan salgyt ýeňilliklerini hödürländigini nygtap, kompaniýany 13 mlrd ýewro möçberde salgydy gaýtaryp bermäge borçlandyrdy.
2020-nji ýylda Apple bu çözgüde garşy çykdy we ÝB-niň umumy ýurisdiksiýa kazyýeti (EGC) bikanun salgyt ýeňillikleri babatynda subutnamalaryň ýeterlik däldigi sebäpli Ýewrokomissiýanyň talabyny ýatyrdy. Şeýle-de bolsa, Ýewropa kazyýeti Ýewrokomissiýany goldap, bu çözgüdi ret etdi.
Bloomberg bu kararyň şu ýyl öz işini tamamlaýan ÝB-niň monopoliýa garşy müdiri Margret Westageriň karýerasynda möhüm pursatdygyny belleýär.
Apple Ýewropa kazyýetiniň kararyna nägilelik bildirdi. Kompaniýanyň wekili: “Şu günki karar bizi lapykeç etdi, sebäbi öň umumy ýurisdiksiýa kazyýeti faktlara seredip, bu talaby düýbünden ýatyrypdy” diýip belledi.


17.06.2026 11:27
2.2k+

Türkmenistan ÝB-niň we MA-nyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň duşuşygyna gatnaşdy

15-nji iýunda Almaty şäherinde Ýewropa Bileleşiginiň we Merkezi Aziýa ýurtlarynyň Owganystan boýunça ýörite wekilleriniň we ýörite ynanylan wekilleriniň nobatdaky mejlisi geçirildi. Bu çärä Türkmenistanyň......

02.06.2026 21:16
6k+

2050-nji ýyla çenli Ýewropada iň wajyp çig mallara bolan islegiň tas ýarysy galyndylaryň hasabyna üpjün ediler

2050-nji ýyla çenli galyndylar Ýewropa üçin iň esasy möhüm materiallaryň çeşmeleriniň birine öwrülip, sebitiň bu hili çig mala bolan isleginiň 56%-e çenlisini üpjün edip biler. Ýewropa Bileleşigi (ÝB)......

14.05.2026 19:01
1.9k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

14.05.2026 18:54
6k+

Nvidia bazar bahasy 5,5 trillion dollara ýeten taryhda ilkinji kompaniýa boldy

Nvidia bazar bahasyny (kapitalizasiýasyny) 5,5 trillion dollardan geçiren taryhda ilkinji jemgyýetçilik kompaniýasy boldy....