Panasonic 36 ýyl hyzmatdaşlykdan soň Olimpiadanyň hemaýatkärleriniň hataryndan çykýar

  • 12.09.2024 14:30
  • 5.8k+

Ýaponiýanyň elektronika öndürijisi Panasonic Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlaryna hemaýatkärligini bes edýändigini yglan etdi. Çözgüt Halkara Olimpiýa Komiteti (HOK) bilen “giňişleýin maslahatlaşmadan” we hemaýatkärlik işini “dowamly gözden geçirişden” soň kabul edildi diýip, Reuters habar berýär.

Panasonic ilkinji gezek 1987-nji ýylda Olimpiýa oýunlarynyň resmi hyzmatdaşy boldy, 2014-nji ýyldan bolsa hyzmatdaşlygyny Paralimpiýa oýunlaryna çenli giňeltdi.
Maý aýynda Ýaponiýanyň başga bir kompaniýasy Toyota hem Pariždäki Olimpiýa oýunlaryndan soň HOK bilen hemaýatkärlik şertnamasynyň gutarandygyny mälim etdi. Häzirki wagtda Oýunlaryň esasy hemaýatkärleriniň hataryna 15 korporasiýa, şol sanda Coca-Cola, Procter & Gamble we Bridgestone girýär.
Panasonic bu çözgüdiniň anyk sebäplerini görkezmedi, ýöne “kompaniýanyň has giň dolandyryş pikirlerini göz öňünde tutup, hemaýatkärlik işini nähili ösdürmelidigini yzygiderli gözden geçirýändigini” belledi.


23.10.2025 09:54
5.3k+

2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar

2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlarynyň açylyş dabarasy italýan moda älemindäki meşhur dizaýner Jiorjio Armaniniň hormatyna bagyşlanar diýip, WWD neşiri habar berýär. Dabara 6-njy fewralda Milanda “San-Siro” stadionynda we şäheriň beýleki ýerlerinde geçiriler...

17.05.2025 19:44
7.7k+

Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär

Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär...

04.03.2025 21:11
5.4k+

Parižiň zikgehanasy poslan Olimpiýa medallaryny çalyşmak üçin 220 arza aldy

Parižiň zikgehanasy 2024-nji ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň medallaryny çalyşmak üçin 220 arza kabul etdi. Bu umumy medal sanynyň 4,5%-ine deňdir diýip, Frans Press agentligi habar berýär. Jemi diametri 85 mm we galyňlygy...

09.09.2024 23:01
4.3k+

Olimpiýa halkalary Eýfel diňinde 2028-nji ýyla çenli galyp biler

Pariždäki Oýunlaryň öňüsyrasynda Eýfel diňinde gurnalan Olimpiýa halkalary, şeýle-de häzirki wagtda Triumf arkasynda ýerleşýän Paralimpiýa hereketiniň nyşany bolan agitos 2028-nji ýylda Los-Anjelesde geçiriljek...