Los-Anjelesdäki Olimpiada-2028-de tomaşaçylary aerotakside gatnatmak meýilleşdirilýär

  • 17.05.2025 19:44
  • 7.9k+

Los-Anjelesde geçiriljek Olimpiýa we Paralimpiýa oýunlarynyň guramaçylyk komiteti Archer Aviation kompaniýasy bilen hyzmatdaşlyga girdi. BBC-niň habar bermegine görä, esasy Olimpiýa desgalarynyň arasynda tomaşaçylary gatnatmak üçin howa taksisini ulanmak meýilleşdirilýär.

Ilkibaşda bu ulag görnüşini Parižde geçirilen Olimpiada-2024-de synamak islediler, ýöne taslama zerur şahadatnamalary alyp ýetişmedi.
Indi Archer Aviation ABŞ-nyň Federal raýat awiasiýasy edarasynyň (FAA) tassyklamagyna garaşýar. Kompaniýa aerotaksi hyzmatyny Los-Anjelesde Olimpiada başlanýança işe girizmek isleýär, şonuň üçin eýýäm 2025-nji ýylda ygtyýarnama almagy göz öňünde tutýar.
Uçuş 10-20 minut dowam edip biler. Aerotaksini ýörite programmanyň üsti bilen sargyt etmek bolar.
Archer Aviation-yň baş direktory Adam Goldşteýniň aýtmagyna görä, ýol tölegi premium Uber-iň nyrhlary bilen deň bolar.
Ulanylmagy meýilleşdirilýän eVTOL Midnight modeli dört ýolagça niýetlenýär. Enjam dikuçar ýaly dik uçýar we gonýar, ýöne elektrik hereketlendirijileriniň we zyňyndylaryň azalmagynyň hasabyna sessiz we arassa işleýär.
Uçýan ulaglary ösdürmäge diňe bir hususy kompaniýalar gyzyklanma bildirmeýär. Beýik Britaniýada “Uçuşlaryň geljegi” döwlet maksatnamasynyň çäklerinde aerotaksileriň eýýäm 2026-njy ýyla çenli asmana galjakdygy we geljekde hereket etmegiň adaty usulyna öwrüljekdigi çaklanylýar. 


25.06.2026 14:47
4.7k+

ABŞ-nda Nýu-Ýorky tupanlardan we suw joşgunlaryndan gorajak 10 kilometrlik taslama taýýarlanylýar

ABŞ-nyň Goşunynyň inženerler bölegi Nýu-Ýork şäherini güýçli şumal tolkunlaryndan we suw joşmalaryndan gorajak ägirt uly ulgamyň taslamasyny hödürledi. Bu taslamanyň esasy bölegi Rokhaweý ýarym adasy bilen......

22.06.2026 00:57
5.6k+

ABŞ BMG-ä 1 mlrd dollardan gowrak ynsanperwer kömegini berdi

ABŞ-nyň Döwlet departamenti ynsanperwerlik maksatly, şeýle-de tebigi betbagtçylyklaryň netijelerini ýok etmek üçin 1 milliard dollardan gowrak serişdäniň bölünip berlendigini yglan etdi. Bu serişdeler BMG-niň......

19.06.2026 19:53
2.4k+

Google gurluşykçy we elektrik hünärleri okuwyna $50 mln gönükdirmekçi

Google kompaniýasy «Google.org» gaznasy arkaly ABŞ-nyň 20-den gowrak ştatynda işçi hünärleri boýunça okuw maksatnamalaryna 50 million dollar gönükdirer. Kompaniýa bu taslamanyň çäginde 300 müňden gowrak......

15.06.2026 12:34
1.6k+

Paramount-yň Warner Bros.Discovery-ny satyn almagyna ýene bir böwet aradan aýryldy

ABŞ-nyň Adalat ministrligi Paramount Skydance kompaniýasy tarapyndan Warner Bros. Discovery-ny satyn almak boýunça 111 milliard dollarlyk şertnamany makullady....