HBO Garrini, Rony we Germionany gözleýär: “Garri Potter” serialy üçin kasting başlady

  • 12.09.2024 12:28
  • 5.7k+

HBO köpden bäri garaşylýan “Garri Potter” serialyndaky keşpler üçin isleg bildirýänleri barlap görmäge başlady. Kasting müdiri Garriniň, Ronuň we Germionanyň rollary üçin 9-11 ýaş aralygyndaky çagalary gözleýär diýip, Variety habar berýär.

Ýaş aktýorlaryň Beýik Britaniýada we Irlandiýada ýaşamagy möhümdir. Serialy düşürmek işlerini 2025-nji ýylyň aprel aýynda başlamak meýilleşdirilýär.
HBO kastingiň “ähli jynsdan, jyns aýratynlyklaryndan, milletlerden, etniki toparlardan bolan wekiller” üçin açykdygyny belleýär.
Kastinge gatnaşyjylardan gysga wideoda (90 sekuntdan köp bolmadyk) düşnükli we öz aksenti bilen gowy görýän goşgusyny okamak, özi barada gysgaça gürrüň bermek, maşgala agzasyny, dostuny ýa-da gowy görýän öý haýwanyny suratlandyrmak soralar.
Garri Potter baradaky kitaplara esaslanýan serial 2023-nji ýylda anons edildi. Režissýorlyk işine Mark Maýlod jogap berýär, ssenariýalary Françeska Gardiner ýazýar. Olar “Mirasdüşerler” serialynyň üstündäki işler bilen tanalýandyr.
Premýeranyň 2026-njy ýylda bolmagyna garaşylýar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......