Sony kompaniýanyň taryhynda iň kuwwatly PS5 Pro konsolyny hödürledi

  • 12.09.2024 11:09
  • 4k+

Sony kompaniýasy PlayStation 5 konsolynyň kämilleşdirilen wersiýasyny – PS5 Pro-ny anons etdi.

Täze model oýny “Öndürijilik” režiminde işletmäge gönükdirilen bolup, has kuwwatly grafiki çip, kämilleşdirilen şöhlelendiriş goldawy we maşyn biliminiň esasynda şekiliň ölçegini üýtgetmek tehnologiýasy PSSR bilen üpjün edildi.
PS5 Pro esasy wersiýa bilen deňeşdirilende 67% köp hasaplaýyş bloguna eýe bolan grafiki prosessory aldy, onuň ýady bolsa 28% tizdir. Bu oýun prosesiniň renderingini 45% çaltlaşdyrmaga mümkinçilik berýär.
Sony şöhlelendiriş bolan režimlerde öndürijiligiň üç esse artandygyny, 8,5 müňden gowrak PS4 we PS5 oýunlarynyň bolsa täze wersiýada has gowy işlejekdigini aýdýar.


Konsol VRR bilen 8K-ny goldaýar, Wi-Fi 7 we PS5 Slim-däki ýaly aýrylýan diskowod bilen üpjün edilen. 9 minutlyk tanyşdyrylyşda PS5 Pro-da “Marvel's Spider-Man 2” we “Ratchet & Clank: Rift Apart”oýunlarynyň ýokary öndürijiligi görkezildi.
Konsolyň satuwy 7-nji noýabrda başlar, deslapky sargytlary 26-njy sentýabrdan resmileşdirmek bolar.
PS5 Pro-nyň bahasy 2 TB wersiýasy üçin ABŞ-da 699,99 dollar, Beýik Britaniýada 699,99 funt sterling, Ýewropada 799,99 ýewro bolar.


11.06.2026 23:54
1.5k+

«Sosial toruň» dowamynyň treýleri hödürlendi: film «Facebook-yň» zyýanly täsirini görkezer

Sony kompaniýasy «Sosial tor» (The Social Network) filminiň dowamy bolan «Sosial hasaplaşyk» (The Social Reckoning) atly täze filmiň ilkinji treýlerini hödürledi. Bu film «The Wall Street Journal» neşiriniň......

08.06.2026 16:23
1.9k+

Sony Kratosyň aýaly Feýiň başdangeçirmeleri barada God of War Laufey oýnuny çykarar

Sony kompaniýasy God of War älemine degişli bolan täze God of War Laufey oýnuny resmi ýagdaýda yglan etdi. Bu täze taslamanyň baş gahrymany Kratosyň aýaly we Atreýiň ejesi Feý bolar. Oýun State of Play......

27.05.2026 15:37
1.5k+

Sony Pictures-i anime taslamalary halas etdi

Sony Pictures Entertainment 2026-njy ýylyň 31-nji martynda tamamlanan maliýe ýyly boýunça hasabat berdi. Hasabatda aýdylyşyna görä, bölümiň girdejisi geçen ýylky derejesinde galyp, 9,92 milliard dollar boldy......

07.05.2026 11:00
1.5k+

Sony Tarantinonyň Jango bilen Zorronyň duşuşygy hakyndaky komiksini ekranlaşdyrýar

Sony Pictures kinostudiýasy «Azat edilen Jango» («Джанго освобожденный») we «Zorronyň nykaby» («Маска Зорро») filmleriniň gahrymanlarynyň resmi krossoweri boljak «Jango/Zorro» atly filmiň üstünde işläp başlady....