“Möý-adam 4-i” 2025-nji ýylda täze režissýor surata düşürip başlar

  • 11.09.2024 13:22
  • 4.8k+

Marvel Studios baş keşpde Tom Hollandyň janlandyrmagynda Möý-adam hakynda täze düşüriljek filme Destin Deniel Krettony režissýor edip belledi diýip,  The Hollywood Reporter habar berýär.

Ondan öň Möý-adam hakyndaky filmler dürli režissýorlar tarapyndan surata düşürilipdi: Sem Reými Tobi Maguaýr bilen, Mark Uebb bolsa Endrýu Garfild bilen işläpdi.
Öň “Şan-Çi we on ýüzügiň rowaýaty” filmine režissýorlyk eden Kretton, baş keşbi Hollandyň ýerine ýetirmeginde öňki üç filme režissýorlyk eden Jon Uottsdan soň, serialy dowam etdirjek ilkinji režissýor bolar.
Dördünji bölümiň edebi esasyny ýene-de Piter Parkeriň keşbini Hollandyň ýerine ýetirmeginde düşürilen öňki filmlere awtorlyk eden Kris Makkenna bilen Erik Sommers ýazar. Täze filmiň surata düşürilişi, “Ar alyjylar” filminiň iki bölüminiň önümçiligi bilen bir hatarda, 2025-nji ýylyň başynda başlar.
“Möý-adam 4-iň” çykjak takyk senesi entek yglan edilmedi, ýöne filmiň kinoteatrlara 2026-njy ýylyň tomsunda, “Ar alyjylar” filminiň iki täze bölüminiň aralygynda çykmagyna garaşylýar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......