Türkmenistan TOPH taslamasynyň esasy tapgyrynyň düýbüni tutar

  • 11.09.2024 00:29
  • 10k+

11-nji sentýabrda Türkmenistan öz maýa goýum serişdeleriniň hasabyna amala aşyrylýan uly möçberli taslamanyň — Türkmenistan — Owganystan — Pakistan — Hindistan gaz geçirijisiniň esasy tapgyry bolan Arkadagyň ak ýoly bilen Serhetabat — Hyrat gaz geçirijisiniň, şeýle hem Türkmenistan — Owganystan — Pakistan ugry boýunça elektrik, ulag we aragatnaşyk ulgamlarynyň düýbüni tutmak we işe girizmek dabaralary geçiriler. Bu barada Prezident Serdar Berdimuhamedow Türkmenistanyň maýa goýum forumynda sanly ulgam arkaly eden çykyşynda belledi diýip, "Watan" habarlar gepleşiginde habar berildi.

Türkmenistan halkara üstaşyr ulag geçelgelerini ösdürmek ugrunda netijeli işleri alyp barýar. Ýurdumyzyň nebitgaz toplumy hem-de energetika pudagy döwrebap ösdürilýär, sanly ulgamyň mümkinçilikleri giňden ornaşdyrylýar. Diýarymyzda gaýtadan dikeldilýän energiýa çeşmeleri bolan Günden we ýelden elektrik energiýasyny almagyň taslamalary durmuşa geçirilýär. Şeýle hem ýokary tehnologiýalara esaslanýan, bäsdeşlige ukyply önümleri öndürmäge gönükdirilen giň gerimli maýa goýum taslamalarymyz bar, diýip döwlet Baştutany belledi.


şu gün 07:42
667

Türkmenistanyň DIM-inde Finlýandiýanyň we Ýaponiýanyň ilçileri bilen duşuşyklar geçirildi

10-njy iýunda Türkmenistanyň daşary işler ministriniň orunbasary Mähri Bäşimowanyň gatnaşmagynda daşary ýurtlaryň diplomatik wekilhanalarynyň ýolbaşçylary bilen ikitaraplaýyn duşuşyklar geçirildi.......

08.06.2026 17:39
2k+

Türkmenistanyň biržasynda eksport geleşikleriniň bahasy 78,6 mln dollardan geçdi

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda 49 sany geleşik hasaba alyndy. Eksport şertnamalarynyň umumy bahasy 78 million 656 müň ABŞ dollaryndan gowrak boldy....

05.06.2026 17:31
1.8k+

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

05.06.2026 15:39
2.6k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......