10-njy we 11-nji sentýabrda magnit hadysasynyň bolmagyna garaşylýar

  • 10.09.2024 13:41
  • 7.8k+

RYA-nyň Kosmos gözlegleri institutynyň we RYA SB-niň Gün-ýer fizika institutynyň Gün astronomiýasy barlaghanasy 10-njy we 11-nji sentýabrda magnit tupanynyň bolmagyny çaklaýar diýip, RBK habar berýär.

Hadysa 10-njy sentýabrda 20:00-dan soň (Aşgabat wagty bilen) başlar we G1 derejesine ýeter. Ýarygijä çenli tupanyň G2 derejesine çenli güýçlenmegine, soňra 11-nji sentýabrda 8:00-a çenli G1 derejesine çenli gowşamagyna garaşylýar. Magnitosfera şol gün 14:00-dan soň durnuklaşar.
Häzirki çaklamalara görä, indiki magnit tupanynyň 26-njy sentýabrda bolmagyna garaşylýar.
Magnit tupanlary Gün partlamalarynyň we Ýere ýetýän plazma zyňyndylarynyň netijesinde ýüze çykýar. Olaryň güýçlüligine G1-den (gowşak) G5-e çenli (has güýçli) şkala boýunça baha berilýär. G2 derejeli tupanlar güýçlüligi boýunça ortaça hasaplanylýar.
Magnit hadysalary howa duýgur adamlaryň özüni duýşuna täsir edip, çakyza, tahikardiýa, ukusyzlyk, basyş bilen bagly näsazlyklar ýaly alamatlary ýüze çykaryp biler.


22.03.2026 16:34
3.9k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.3k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

16.03.2026 16:46
8.1k+

Tebigat Ýer şarynyň badyny gowşadýar: gije-gündiziň dowamlylygy uzalýar

Howanyň üýtgemegi Ýeriň aýlanma tizligine täsir edýär we gije-gündiziň dowamlylygynyň artmagyna getirýär. Şeýle netijäni Wena uniwersitetiniň we Sýurih tehnologik institutynyň alymlary öňe sürýär. Olaryň berýän maglumatlaryna görä, häzirki wagtda gije-gündiz her ýüz ýylda, takmynan, 1,33 millisekunt uzalýar...

05.03.2026 07:02
4.9k+

2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy: «Ganly Aý» dürli künjeklerde nähili göründi?

3-nji martda 2026-njy ýylyň ýeke-täk doly Aý tutulmasy boldy. Bu tebigy hadysa wagtynda Aý goýy gyzyl reňke eýe bolýar, şol sebäpli hem oňa, adatça, «Ganly Aý» diýilýär. Fotosuratçylar dünýäniň dürli künjeklerinde bu täsin pursaty surata düşürdi...