"Sýogun" serialy “Emmi” baýragyna dalaşgärlikde rekord goýdy

  • 10.09.2024 13:16
  • 4.5k+

Los-Anželesde “Oskaryň” teleýaýlymdaky taýy – “Emmi” baýragynyň gowşurylyş dabarasy geçirildi. Häzirlikçe dabarada ikinji derejeli baýraklar gowşuryldy.

“Sýogun” atly taryhy drama rekord mukdarda – 14 heýkeljik aldy. Serialyň hasabynda myhman aktýoryň keşbi (Nestor Karbonell), operatorçylyk işi, ses, kebşirleme, geýimler, at dizaýny we ş.m. üçin eýe bolan baýraklary bar.
Taryhda ilkinji gezek drama serialy 15-nji sentýabrda geçiriljek esasy baýrak gowşurylyş dabarasyndan öň şeýle köp baýrak toplady. Şol ýerde “Sýogun” ýene alty kategoriýada dalaşgär görkezilýär.
“Sýogun” Jeýms Klawelliň adybir romanyna esaslanýar. Sýužet XVII asyrda iňlis Jek Blektornyň (Kosmo Jarwis) gelen feodal Ýaponiýasynda ýaýbaňlanýar. Gahryman kuwwatly Lord Toranaga (Hiroýuki Sanada) hyzmat edip başlaýar.
Serialyň awtorlary Reýçel Kondo we Jastin Marks (“Top Gan: Mawerik”). Üstünligiň tolkunynda FX ýaýlymy “Sýogunyň” möhletini ikinji we üçünji möwsüme uzaltdy.
Beýleki meşhur ýeňijilerden Jeými Li Kýortisi, Jon Berntaly (ikisi hem “Aýydaky” myhman keşpleri üçin), Sandra Ony (“Hanym-wiktorina” telewizion filmine  eden prodýusserligi üçin) we kompozitorlar Benj Paseki we Jastin Poly (“Şol bir binadaky ganhorlyk” filmine ýazan aýdymy üçin), Mihaela Koeli ("Jenap we hanym Smit" filmindäki myhman keşbi üçin) we ş.m. agzamak bolar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......