Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezi koreý dili boýunça okuw kitaplaryny sowgat aldy

  • 10.09.2024 10:47
  • 3.6k+

Koreýa Respublikasy Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkezine koreý dili boýunça okuw kitaplaryny peşgeş berdi. Dabara merkeziň direktory we hünärmenleri, Koreýa Respublikasynyň Türkmenistandaky Adatdan daşary we Doly ygtyýarly ilçisi Ji Kýu-Tekiň ýolbaşçylygyndaky ilçihanasynyň wekilleri gatnaşdylar diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Innowasiýalar-maglumat merkeziniň direktory Ç.G.Hanmuhammedow we merkeziň hünärmenleri koreý myhmanlaryny dabaraly garşy aldylar. Koreý dili boýunça okuw kitaplaryny peşgeş bermek dabarasynda taraplar bilim pudagynda ikitaraplaýyn hyzmatdaşlygyň häzirki ýagdaýy we geljegi barada pikir alyşdylar.
Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýalar-maglumat merkeziniň esasynda birnäçe ýyl bäri Koreýa Respublikasynyň ýardam bermeginde döredilen we Türkmenistanda inklýuziw bilim hyzmatlaryny işjeň ilerledýän maglumat merkezi işleýär. Innowasiýa sanly bilim gurşawyny döretmek üçin döwrebap we ýörite enjamlar bilen enjamlaşdyrylan bu merkez pensiýadaky raýatlar we maýyp çagalar üçin mugt kompýuter sowatlylygy okuwlaryny hödürleýär, koreý dilini öwredýär we Türkmenistanyň ýaşaýjylaryny ýurduň medeniýeti bilen tanyşdyrýan dürli çäreleri geçirýär.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......