Saudi Aramco Aziýa üçin nebitiň oktýabr aýyndaky bahasyny aşaklatdy

  • 10.09.2024 09:19
  • 4.4k+

Saud Arabystanynyň Saudi Aramco nebit kompaniýasy Aziýadaky müşderiler üçin nebitiň oktýabr aýyndaky bahasyny arzanlatdy. Bu barada Bloomberg habar berýär.

“Saud Arabystany islegiň peselmegi bilen bagly howatyrlanmalaryň güýçlenýändigi sebäpli indiki aý Aziýa bazary üçin esasy nebit görnüşiniň bahasyny arzanladýar” – diýip, agentlik ýazýar.

Şeýlelikde, Aziýadaky müşderiler üçin Arab Light söwda belgili nebitiniň bahasy 0,7 dollar arzanlady, indi ol Oman/Dubai sebediniň bahasy bilen deňeşdirilende bir barrele 1,3 dollar arzandyr. Analitikler bahanyň barreline 0,85 dollar arzanlamagyna garaşypdylar.
Şol bir wagtyň özünde, Saudi Aramco ähli nebit görnüşleriniň bahasyny Ýewropanyň demirgazyk-günbatar bölegindäki alyjylar üçin, takmynan, 0,8 dollar we Demirgazyk Amerika üçin 0,1 dollar arzanlatdy.
Saudi Aramco Saud Arabystanynyň 1933-nji ýylda esaslandyrylan milli nebitgaz kompaniýasydyr. Kompaniýa öz önümlerini Aziýanyň, Ýewropanyň we Demirgazyk Amerikanyň esasy global energetika bazarlarynda satýar.


düýn 11:54
3.4k+

Türkmenistan — Malaýziýa: nebitgaz pudagyndaky hyzmatdaşlyga 30 ýyl

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň hem-de ýurda sapar bilen gelen Malaýziýanyň premýer-ministri Anwar Ibrahimiň gatnaşmagynda «Türkmenistan — Malaýziýa:......

18.06.2026 12:32
5.3k+

“Türkmennebit” döwlet konsernine Petronas bilen şertnama baglaşmaga ygtyýar berildi

Türkmenistanyň Prezidenti nebitgaz pudagynyň öňünde goýlan wezipeleri durmuşa geçirmek hem-de Hazar deňziniň türkmen bölegindäki ygtyýarlandyrylan toplumlary “Uglewodorod serişdeleri hakynda” Türkmenistanyň......

18.06.2026 10:46
2k+

Gytaklaýyn guýulary üznüksiz burawlamak üçin dünýäde ilkinji gurluş döredildi

Perm milli barlag politehniki uniwersitetiniň (PNIPU) hünärmenleri gytaklaýyn nebit guýularyny burawlamagyň barşynda giroskoplardan üznüksiz maglumat almaga mümkinçilik berýän dünýäde ilkinji durnuklaşdyryjy......

13.06.2026 15:16
6.8k+

«Türkmengaz» we «Türkmennebit» hytaý kompaniýalary bilen şertnama baglaşar

Türkmenistanyň Prezidenti Serdar Berdimuhamedowyň gol çeken Kararlaryna laýyklykda, ýurduň nebitgaz pudagyny döwrebaplaşdyrmak, tebigy gazyň çykarylýan möçberini artdyrmak, nebitgaz ýataklaryny özleşdirmek we......