Pedro Almodowaryň filmi Wenesiýa kinofestiwalynyň “Altyn ýolbars” baýragyny aldy

  • 09.09.2024 21:48
  • 2.4k+

Wenesiýada 28-nji awgustdan 7-nji sentýabr aralygynda geçirilen 81-nji halkara kinofestiwalynyň netijeleri yglan edildi. Bu barada Variety habar berýär.

Kinofestiwalyň baş baýragyny – iň gowy film üçin “Altyn ýolbarsy” ispaniýaly režissýor Pedro Almodowaryň “Goňşy otag” (“Комната по соседству”) filmi aldy. Filmiň premýerasynda Almodowar we aktrisalar Tilda Suinton bilen Julianna Mur 18 minut 36 sekunt dowam eden el çarpyşmalar bilen garşylandy.
Iň gowy zenan keşbi üçin baýragy awstraliýaly we amerikaly aktrisa Nikol Kidman, iň gowy erkek keşbi üçin baýragy fransiýaly Wensan Lindon aldy.
Esasy bäsleşik:

  • “Altyn ýolbars” – režissýor Pedro Almodowaryň “Goňşy otag” filmi;
  • Eminler Gran-prisi – režissýor Maura Delperonyň “Wermilion” filmi;
  • Iň gowy režissýorlyk üçin “Kümüş ýolbars” – Breýdi Korbet (“Brutalist”);
  • Iň gowy ssenariýa üçin “Altyn Ozella” – Murilo Hauzer, Eýtor Lorega (“Men henizem bärde”, “Я всё ещё здесь”);
  • Iň gowy erkek keşbi üçin Wolpi kubogy – Wensan Lindon (“Ýuwaş ogul”, “Тихий сын”);
  • Iň gowy zenan keşbi üçin Wolpi kubogy – Nikol Kidman (“Erbet gyz”, “Плохая девочка”);
  • Eminleriň ýörite baýragy – režissýor Dea Kulumbegaşwiliniň “Aprel” filmi;
  • Iň gowy ýaş aktýor ýa-da aktrisa üçin Marçello Mastroýanni baýragy – Pol Kirşer (“Olardan soň ýaşajak çagalar”, “Дети, которые будут жить после них”)

“Gözýetimler” seksiýasy

  • Iň gowy film – režissýor Bogdan Muresanunyň “Gelmedik Täze ýyl” (“Новый год, который так и не наступил”) filmi;
  • Eminleriň ýörite baýragy – “Hemminiň öljek günleriniň biri” (“Один из тех дней, когда Хемми умрёт”), režissýor Murat Firatoglu.

Şu ýyl emin agzalarynyň başlygy Izabel Ýupper boldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......