“Tapmaça 2” iň girdejili filmleriň onlugynda “Ýura eýýamynyň dünýäsinden” öňe geçdi

  • 09.09.2024 21:44
  • 2.1k+

“Tapmaça 2” multfilmi haýran galdyryjy kassa ýygymlaryny görkezmegi dowam etdirýär. Geçen uikendiň netijesinde filmiň girdeji ýygymy 1,675 mlrd dollardan geçdi, bu hem oňa taryhda iň girdejili filmleriň reýtinginde sekizinji orny eýelemäge mümkinçilik berdi. Lenta “Ýura eýýamynyň dünýäsi” filminden öňe geçdi.

Häzirki wagtda “Tapmaça 2” taryhda iň köp girdeji gazanan animasion taslamadyr.
Taryhda iň köp girdeji gazanan 10 film:

  1. “Awatar” - 2,92 milliard dollar;
  2. “Ar alyjylar: Final” (Мстители: Финал) - 2,79 milliard dollar;
  3. “Awatar: Suwuň ýoly” (Аватар: Путь воды) - 2,32 milliard dollar;
  4. “Titanik” - 2,26 milliard dollar;
  5. “Ýyldyz söweşleri: Güýjüň oýanmagy” (Звёздные войны: Пробуждение Силы) - 2,07 milliard dollar;
  6. “Ar alyjylar: Bakylyk söweşi” (Мстители: Война бесконечности) - 2,05 milliard dollar;
  7. “Möý adam: Öýe ýol ýok” (Человек-паук: Нет пути домой) - 1,92 milliard dollar;
  8. “Tapmaça 2” - 1,675 milliard dollar.
  9. “Ýura eýýamynyň dünýäsi” (Мир Юрского периода) - 1,67 milliard dollar;
  10. “Şa Ýolbars” (Король Лев)  - 1,65 milliard dollar;

“Tapmaça 2” multfilmi Raýli Andersonyň ýetginjeklik döwrüniň kynçylyklaryndan nähili baş çykarýandygy barada gürrüň berýär. Bize eýýäm tanyş bolan Şatlyk, Gussa, Gorky, Gahar we Ýigrenç duýgularyna Howsala, Göriplik, Ýürekgysgynçlyk we Çekinjeňlik goşulýar.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......