ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze ilçisi işiniň ileri tutulýan ugurlary barada aýtdy

  • 09.09.2024 14:48
  • 7.1k+

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Türkmenistanda ýakynda täze bellenilen ilçisi Elizabet Rud ABŞ-nyň Aşgabatdaky ilçihanasynyň täze toplumynda ilkinji metbugat-maslahatyny geçiridi. Diplomat žurnalistler bilen duşuşygyň dowamynda täze wezipede alyp barjak işiniň möhüm ugurlaryny beýan etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Amerikanyň diplomatik wekilhanasynyň ýolbaşçysy işiniň esasy dört ugruny belläp geçdi. Olar: howa meselesi, ykdysady ulgamda hyzmatdaşlyk, şeýle hem howpsuzlygy pugtalandyrmak we adam hukuklaryny ösdürmek.
Şeýle hem Elizabet Rud iki ýurduň halklarynyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmegi maksat edinýändigini aýdyp, şeýle diýdi: “Meniň işimiň ýene-de bir ugry adamlarymyzyň, halklarymyzyň arasyndaky gatnaşyklary giňeltmekden ybarat bolar. Geçen hepde meniň Maryda amerikan toplumyna saparym boldy. Men ýaşlaryň takyk ylymlar babatda bolşy ýaly, olaryň iňlis diline erk etmek başarnyklaryny ösdürmek babatdaky tutanýerliliklerinden-de örän ruhlandym”.
ABŞ-nyň Türkmenistandaky täze bellenilen ilçisi žurnalistler bilen söhbetdeşliginiň dowamynda ýurdumyzyň dürli künjeklerindäki howpsuzlykdan hem-de tebigatdan täsirlenendigini gürrüň berdi. Diplomat medeni-taryhy ýadygärlikler barada belläp, olaryň goralyp saklanylyşyna haýran galandygyny hem-de bu ugurda ABŞ-nyň ilçisiniň ýadygärlikleri goramak gaznasy tarapyndan mundan beýläk-de işleri dowam etjekdigini aýtdy.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 14:18
6.4k+

​Bloomberg: Tramp 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmegi meýilleşdirýär

Amerikanyň Birleşen Ştatlarynyň Prezidenti Donald Trampyň administrasiýasy takmynan 60 ýurtdan getirilýän harytlara täze gümrük paçlaryny girizmek mümkinçiligini gözden geçirýär diýip, Bloomberg agentligi......