Ýannik Sinner we Arina Sobolenko US Open-iň ýeňijileri boldular

  • 09.09.2024 14:03
  • 2k+

Dünýäniň birinji raketkasy italiýaly Ýannik Sinner US Open 2024-üň (ABŞ-nyň Açyk çempionaty) ýeňijisi boldy. 9-njy sentýabra geçilen gije erkekleriň arasynda ýekelikde geçirilen ýaryşyň finalynda ol amerikaly Teýlor Fritsden 6:3, 6:4, 7:5 hasabynda üstün çykdy.

OptaAce-iň habar bermegine görä, italiýaly tennisçi ýaryşa dünýäniň 140-njy raketkasy amerikaly Makkenzi Makdonald bilen birinji tapgyr oýnunda ilkinji setde utulmak bilen başlady – 2:6, 6:2, 6:1, 6:2. Şeýlelikde, Sinner XXI asyryň başlangyç setde utulyşdan soň US Open-de ýeňiş gazanan ilkinji tennisçisi boldy.
Soňky 50 ýylda ýaryşa diňe iki oýunçy şowsuz başlapdy: Jon Makinroý (1981) we Patrik Rafter (1998).


Zenanlaryň arasynda ýekelikde geçirilen ýaryşyň aýgytly oýnunda dünýäniň ikinji raketkasy belarusly Arina Sobolenko amerikaly Jessika Pegulany (ATP-niň reýtinginde 6-njy setir) utdy. Duşuşyk 7:5, 7:5 hasabynda tamamlandy.
26 ýaşly belarusly türgen 2023-nji we 2024-nji ýyllarda Awstraliýanyň Açyk çempionatyndaky ýeňişlerinden soň ýekelikde “Uly tuwulga” ýaryşlarynda üçünji titulyny gazandy. Şeýle-de, onuň hasabynda US Open-de (2019) we Australian Open-de (2021) jübüt görnüşde ýeňişler bar.


18.06.2026 10:24
1.2k+

Asteroide tennisçi Ýannik Sinneriň ady dakyldy

Halkara astronomiýa bileleşigi Mars we Ýupiter planetalarynyň arasynda, ýagny esasy guşaklykda ýerleşýän asteroide italiýaly tennisçi Ýannik Sinneriň adyny dakdy....

08.06.2026 12:41
2.1k+

Aleksandr Zwerew we Mirra Andreýewa «Rolan Garros» ýaryşynyň ýeňijileri boldy

Nemes tennisçisi Aleksandr Zwerew we russiýaly Mirra Andreýewa Parižde tamamlanan, baýrak gaznasy 61 million ýewrodan gowrak bolan möwsümiň ikinji «Uly tuwulga» ýaryşy — «Rolan Garrosyň» ýeňijileri boldy....

06.06.2026 11:31
3.6k+

Serena Wilýams professional tennise dolanýar

Serena Wilýams tas dört ýyllyk arakesmeden soň professional tennise dolanyp gelýär. Amerikan türgeni Londonda geçiriljek WTA 500 ýaryşynyň jübütleýin görnüşine gatnaşmak üçin ýörite çakylyk aldy....

03.06.2026 17:49
4.4k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......