Mergen Orazow Lissabonda Roberto Martines bilen tälimçilik strategiýalaryny maslahatlaşdy

  • 09.09.2024 13:52
  • 14k+

Türkmenistanyň futbol boýunça milli ýygyndysynyň baş tälimçisi Mergen Orazow Lissabonda Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň tälimçisi Roberto Martines bilen häzirki zaman futbolynyň möhüm meselelerini hem-de tälimçilik hünäriniň wajyp ugurlaryny ara alyp maslahatlaşdy. Bu barada Turkmenportal habar berýär.

Orazowyň Portugaliýa sapary Türkmenistanyň futbol federasiýasynyň, AFK we UEFA guramalarynyň goldawy bilen gurnaldy. Saparyň maksady Ýewropanyň öňdebaryjy ýygyndylaryndan biriniň türgenleşik işlerini alyp barşyny bilen tanyşmakdyr. Türkmen tälimçisiniň tejribe alyşmak sapary 10-njy sentýabra çenli dowam eder.
Ýakynda Mergen Orazow Portugaliýanyň we Horwatiýanyň milli ýygyndylarynyň arasyndaky Milletler ligasynyň oýnuna gatnaşdy, bu duşuşyk 2:1 hasabynda ýer eýeleriniň peýdasyna tamamlandy. Bu oýun Portugaliýanyň milli ýygyndysynyň hüjümçisi Kriştian Ronaldunyň tutuş futbol karýerasynda derwezä geçiren 900-nji goly bilen taryhy duşuşyk boldy.
2023-nji ýylyň ýanwar aýyndan Portugaliýanyň milli ýygyndysyna ýolbaşçylyk edip başlan Roberto Martinesiň baý tälimçilik tejribesi bar. Onuň baştutanlygynda Portugaliýanyň ýygyndysy 2024-nji ýylyň Ýewropa çempionatynda çärýek finala çykmagy başardy. Martines ozal Belgiýanyň milli ýygyndysy bilen işleşip, 2018-nji ýylda geçirilen dünýä çempionatynyň bürünç medalyny eýeläpdi.


düýn 13:51
7.9k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......