Atom sagatlaryndan milliardlarça ýyllyk takyk bolup biljek ilkinji ýadro sagady tanyşdyryldy

  • 09.09.2024 12:45
  • 5.4k+

JILA-nyň (Joint Institute for Laboratory Astrophysics) hem-de Milli standartlar we tehnologiýalar institutynyň (NIST) barlagçylar topary wagty ölçemek üçin täze çemeleşmäni - ýadro sagatlaryny hödürledi. Bu sagatlar wagty hasaplap aýyrmak  üçin atomyň ýadrosyndaky energiýa tolkunlaryny ulanýarlar, bu bolsa dünýäde iň takyk sagadyň döremegine sebäp bolup biler diýip, Gizmodo habar berýär.

Lazer ýagtylygynyň täsiri astynda ýüze çykýan elektron geçişlere bil baglaýan atom sagadyndan tapawutlylykda, ýadro sagady toriniň atomynyň ýadrosynda energiýa tolkunlaryny işjeňleşdirmek üçin ultramelewşe şöhläni ulanýar. Şeýle çemeleşme wagt ölçeginde ýalňyşlyklary döredip biljek daşarky faktorlaryň, mysal üçin, oýnap durýan elektromagnit meýdanlarynyň täsirini azaldýar.
Häzirki wagtda ýadro sagadynyň takyklygy iň gowy atom sagatlaryndan pesdir, ýöne barlagçylar ýakyn wagtda onuň yzyndan ýetjekdiklirine ynanýarlar. “Bu edil ilkinji awtoulaglarda bolşy ýaly: olar atly arabalardan dessine ozup geçäýmediler. Esasy zat - täze düşünjäni girizmek " - diýip, Wenanyň Tehniki Uniwersitetiniň fizigi Torsten Şumm düşündirýär.
Ýadro sagadynyň ulanylmaly çygry gaty giňdir. Ilki bilen, kosmos gämileriniň ýagdaýyny barlamak üçin wagtyň takyklygy möhüm bolup durýan kosmos barlaglarynda esasy gural bolup biler. Şeýle hem, bu sagat ýokary ölçeg takyklygyny talap edilýän nawigasiýa we telearagatnaşyk ulgamlarynda ulanylyp bilner.

 “Göz öňüne getiriň, milliardlarça ýyllap işletseňizem sagadyň ýekeje sekunty hem  ýitmez. Ýöne entek muňa doly ýetmesekde, bu barlag bizi takyklyk derejesine ýakynlaşdyrýar " – diýip,  NIST-nyň we JILA-nyň fizigi Szýun Ýe belledi.


13.06.2026 12:41
1.7k+

Alymlar kümüş atomlaryndan taryhda iň kiçijik QR-kody döretdi

Awstraliýanyň Monaş uniwersitetiniň we Çehiýanyň Ylymlar akademiýasynyň alymlary QR-kod döretdi. Bu model Ginnesiň rekordlar kitabyna giren ozalky koddan, takmynan, 800 esse kiçidir....

07.06.2026 19:44
1.2k+

Airbus-yň täze superkompýuteri uçarlary birnäçe sekuntda taslamaga mümkinçilik berer

Ýewropanyň uçar öndüriji ägirdi Airbus Tuluzada (Fransiýa) we Gamburgda (Germaniýa) täze paýlaşykly superkompýuter infrastrukturasyny ulanmaga berdi. Bu ulgam uçarlaryň we dikuçarlaryň wirtual taslamalaryny......

31.05.2026 22:44
4.6k+

Xiaomi üç barabanly kir ýuwujy maşyny çykardy

Xiaomi üç zonaly kir ýuwujy ulgamy bolan we umumy agramy 14 kg-a çenli eşigi ýuwup bilýän Mijia Three-Zone Washing Machine 14 kg kir ýuwujy maşynyny çykardy. Täze maşynyň bahasy 6000 ýuan, ýöne hökümet......

24.05.2026 17:05
4.7k+

NASA Aý gijesiniň adatdan daşary aýazyna döz gelip biljek ulgamy synagdan geçirýär

NASA Aý gijesiniň iki hepdeläp dowam edýän adatdan daşary pes temperaturalarynda işjeňligini saklap biljek "Lunar Environment Monitoring Station" (LEMS) ulgamyny synagdan geçirýär....