Müsüriň täze paýtagtynda ekologiýa taýdan iň arassa, 43 gatly gökdirän bina gurlar

  • 09.09.2024 11:20
  • 13k+

Kairiň 50 km gündogarynda, Müsüriň çölde gurulýan täze dolandyryş paýtagtynda dünýäde ekologiýa taýdan iň arassa gökdirän binany gurmak meýilleşdirilýär. The Forbes International Tower diýlip atlandyrylýan bu taslama beýikligi 240 metr bolan 43 gatly edara binasynyň gurluşygyny öz içine alýar diýip, CNN habar berýär.

Magnom Properties kompaniýasy binanyň asla uglerod zyňyndysyz boljakdygyny, aýtdy. Munuň özi gökdirän bina ulanylan wagtynda onuň atmosfera goýberjek kömürturşy gazyndan özüne siňdirjek kömürturşy gazynyň has köp boljakdygyny aňladýar. Bu maksada ýetmek arassa wodorodyň we Gün energiýasynyň ulanylmagy arkaly mümkin bolar.

Suwuk organiki wodorod göterijiler (LOHC) tehnologiýasy arkaly öndürilen wodorod binanyň esasy energiýa çeşmesi bolar. Bu innowasiýa usuly wodorody howpsuz saklamaga we daşamaga, soňra bolsa ony energiýa öndürmekde ulanmaga mümkinçilik berýär. Wodorod zerur energiýanyň takmynan 75% -ini üpjün eder, galan 25% -i bolsa binanyň fasadyna oturdylan Gün panellerinden geler diýip garaşylýar.

Gökdirän binanyň gurluşygynda parnik gazlarynyň zyňyndylaryny 58% azaldýan ýörite pes uglerodly materiallar ulanylar. Mundan başga-da, Müsürde suw ýetmezçiliginiň bardygy sebäpli binada suw arassalaýjy ulgam gurlar.
Taslama 2024-nji ýylyň ahyrynda gurlup başlanmagy meýilleşdirilýän täze paýtagtyň gurluşygynyň ikinji tapgyrynyň bir bölegidir.
Täze paýtagtyň döredilmegi köp adamly Kairiň ilatyny egismek we şäheri iri maliýe we işewürlik merkezine öwürmek zerurlygy bilen baglanyşyklydy. Taslamanyň umumy bahasy 58 milliard dollar diýlip çaklanylýar.

 


düýn 12:00
3.5k+

Aldawçylygyň aýlawly netijesi: alymlar zabun terbiýäniň çagalara ökdelik bilen aldamagy öwredýändigini subut etdiler

Çagalary terbiýelemekde aşa berk çemeleşme we fiziki temmi bermek tersine netijäni berýär. Garaşylýan tertip-terbiýäniň ýerine çagalarda ýalan sözlemek we aldamak meýilleri döreýär....

22.06.2026 23:12
4.8k+

Ýapon hünärmenleri bäbekleri uklatmak üçin ýörite saz döretdi

Kazyýet subutnamalary üçin sesleri seljermäge ýöriteleşen Ýaponiýanyň «Tiba audiokommunikasiýalar barlaghanasy» täjirçilik däl guramasy bäbekleri uklatmak üçin niýetlenen sazy döretdi. Bu saz ýazgysy X sosial......

17.06.2026 11:37
5.1k+

Alymlar el degirmän, galp suratlary tanamagy öwrendiler

O-de-Frans Politehniki uniwersitetiniň alymlary suratlaryň hakykylygyny anyklamagyň täzeçil usulyny işläp düzdüler. Bu oýlap tapyş kendiriň ýüzüne fiziki täsir etmegi talap etmeýär. Tehnologiýanyň anyk beýany......

17.06.2026 11:21
4k+

Tehasda howadan suw ýygnaýan kurtka oýlap tapdylar

Ostin şäherindäki Tehas uniwersitetiniň inženerleri howadan çyglylygy ýygnap, ony içmäge ýaramly suwa öwrüp bilýän ýörite dokumadan ýasalan kurtkany işläp taýýarladylar. Howa şertlerine baglylykda, bu enjam......