Türkmen ýokary okuw mekdebi Günorta Koreýanyň abraýly uniwersiteti bilen gatnaşyklary ýola goýýar

  • 09.09.2024 10:51
  • 5.8k+

Türkmen wekiliýetiniň "akylly" şäherleriň World Smart City Expo sergisina gatnaşmagynyň çäklerinde Türkmenistanyň Oguz han adyndaky Inžener-tehnologiýalar uniwersitetiniň wekilleri Koreýa Respublikasyna baryp gördüler. Saparyň çäklerinde Seulda Sung Kýon Kwan uniwersitetiniň ýolbaşçylary bilen duşuşyk geçirdiler diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Duşuşygyň barşynda koreý uniwersitetiniň rektory Ji-Bom Ýu "akylly şäherleri" işläp taýýarlamak ulgamynda hyzmatdaşlygy ýola goýmagy hem-de türkmen ýokary okuw mekdebiniň binýadynda koreý merkezini döretmegi teklip etdi. Geljekki bilelikdäki taslamalar üçin esas bolup biljek, özara düşünişmek hakynda Ähtnama gol çekmek mümkinçiligi maslahatlaşyldy.
1398-nji ýylda esaslandyrylan Sung Kýon Kwan uniwersiteti Günorta Koreýanyň iň abraýly ýokary okuw mekdeplerinden biri bolup, dürli ugurlarda, şol sanda inženerçilik we IT-tehnologiýalar ulgamynda okuw maksatnamalaryny hödürleýär.


02.06.2026 20:35
3.7k+

Maryda ýaşlaryň arasynda geçirilen robototehnika bäsleşiginiň jemleri jemlendi

Türkmenistanyň Bilim ministrligi tarapyndan Türkmenistanyň Döwlet energetika instituty bilen bilelikde Mary şäherinde «Ýaşlaryň arasynda robot tehnikasy» boýunça bäsleşigiň jemleýji tapgyry guraldy. Bu......

01.06.2026 17:06
2.9k+

Türkmen wekiliýeti «Täjigistan-2026» forumyna gatnaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri hem-de orta hünär tehniki mekdepleriň talyplary Täjigistan Respublikasynyň Hatlon oblastynyň Dangarinsk raýonynda 27—30-njy maý aralygynda geçirilen......

30.05.2026 17:05
9.1k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.8k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......