Türkmen paralimpiýaçysy Maýagözel Ekäýewa Parižde altynjy netijäni görkezdi

  • 09.09.2024 10:05
  • 16k+

Türkmenistana wekilçilik edýän halkara derejeli sport ussady Maýagözel Ekäýewa Parižde Paralimpiýa oýunlarynda parapauerlifting boýunça ýaryşda 6-njy orny eýeledi. 86 kg-a çenli agram derejesinde 10 türgeniň gatnaşan ýaryşynda Ekäýewa 112 kg agramyň hötdesinden geldi diýip, olympics.com habar berýär.

Bu ýaryşda altyn medaly Braziliýadan Taýana Medeýros (156 kg), kümüş medaly HYtaýdan Feýfeý Jeng, bürünç medaly bolsa Çiliden Alehandre Serrano aldy.
M.Ekäýewa üçin bu ilkinji Paralimpiadasy däl. 2008-nji ýylda Pekinda ol 7-nji orny eýeledi, 2016-njy ýylda Rio-de-Žaneýroda 5-nji boldy. Ol 2010-njy we 2014-nji ýyllardaky Aziýa paralimpiýa oýunlarynyň bürünç medallaryny aldy, 2023-nji ýylda Dubaýda dünýä çempionatynda 5-nji orny eýeledi.


şu gün 08:03
1.3k+

Türkmen karateçileri Manilada geçirilen ýaryşda altyn we bürünç medallary gazandy

Filippinleriň paýtagty Manila şäherinde geçirilen «Karate-1 Ýaşlar ligasy» (Karate 1-Youth League) dünýä tapgyrynyň ýaryşynda türkmen türgenleri üstünlikli çykyş edip, altyn we bürünç medallary gazandy....

03.06.2026 17:49
4.3k+

8 ýaşly türkmen tennisçisi Gazagystandaky ýaryşda iki altyn medal gazandy

Türkmenistandan sekiz ýaşly tennisçi Alyhan Nurýagdyýew 25-nji we 30-njy maý aralygynda Gazagystanyň Aktobe şäherinde geçirilen «Aktobe Masters 10&Under GA Road to TOP 8» halkara ýaryşynda iki sany altyn......

30.05.2026 08:45
8.3k+

Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempion boldy

Türkmen boksçysy Hursand Imankuliýew WBC Ýewraziýa görnüşi boýunça çempionlyk guşagyny gazandy. Tutluşyk Daşkentdäki «Humo Arena» sport toplumynda, WBC Ýewraziýa Boxing Night halkara boks agşamynyň çäklerinde......

27.05.2026 18:22
9.4k+

Alp Arslan Begenjow Wýetnamdaky U23 Aziýa çempionatynda altyn medal gazandy

Wýetnamyň Danang şäherinde geçirilen U23 & U17 Asian Championships 2026 yklym birinjiliginde Türkmenistandan erkin göreşiji Alp Arslan Begenjow 23 ýaşa çenli türgenleriň arasynda Aziýanyň çempiony boldy....