Dubaýda dünýäde beýikligi boýunça ikinji gökdirän bina gurlar

  • 09.09.2024 01:44
  • 10k+

Dubaýda dünýäde beýikligi boýunça diňe häzirki rekord eýesi “Burj-Halifadan” yza galjak ikinji gökdirän bina gurlar. Bu bina Kuala-Lumpurdaky 679 metrlik Merdeka 118 diňinden beýik bolar diýip, jaý gurujy Azizi Developments X sosial ulgamynda habar berdi. Muny RBK ýetirýär.

Bina “Burj-Azizi” diýlip atlandyrylar we onuň beýikligi 725 metr bolar. Ol Şeýh-Zaýed-Roud ýolunda gurlar. Taslamanyň bahasy 1,63 mlrd dollar bolup, gurluşyk işleriniň 2027-nji ýylda tamamlanmagyna garaşylýar.
Azizi Developments “Burj-Azizini” heniz ýanwar aýynda tanyşdyrdy, ýöne şol wagt binanyň takyk beýikligi kesgitlenmändi. Eger bina gurulsa, dünýäde iň beýik iki gökdirän Dubaýda ýerleşer.
Taslama görä, diňiň dizaýny gönüburçly şekillerde oýlanyp, ol beýikligiň artmagy bilen daralýar. Binanyň fasady doly aýna bolar.
Binada söwda merkezi, kaşaň rezidensiýalar we penthauslar, ýedi ýyldyzly myhmanhana we “özboluşly syn ediş meýdançasy” ýerleşdiriler. Binanyň bir bölegini naharhanalar we beýleki hyzmat kärhanalary eýelär.
Belläp geçsek, dünýäde iň beýik bina bolan Burj-Halifanyň beýikligi 163 gat bilen 828 metre barabar. Ol 2004 – 2010-njy ýyllarda emirligiň ykdysadyýetini diwersifikasiýalaşdyrmak maksady bilen guruldy. Binada otaglar we ofis jaýlary, restoranlar, sport zallary, basseýnler, syn ediş meýdançalary we ş.m. bar.


07.02.2026 08:38
4k+

Bu ýyl syýahatçylaryň ümzügi Dubaýa, Abu-Dabä we Şarja tarap

BAE-niň üç sany iň uly emirligi bolan Dubaý, Abu-Dabi we Şarja 2026-njy ýylda daşary ýurtly syýahatçylar üçin iň köp isleg bildirilýän ugurlar bolar. Bu hakda Skyscanner kompaniýasy habar berýär. Dubaý myhmanhanalaryň öňünden bron edilmegi boýunça öňde barýar...

30.01.2026 13:09
14k+

Gyzylyň gymmat wagtynda Dubaý altyndan köçe gurýar

Dubaýyň häkimiýetleri sözüň göni manysynda altyn köçäni gurmak hakda meýilnamalarynyň bardygyny habar berdiler. Bu barada Euronews teleýaýlymy mälim edýär. Köçäniň gurluşygynda altyn ulanyljakdygy wada berilýär, emma anyk nähili usul bilen ulanyljagy entek doly belli däl...

01.01.2026 18:09
6.5k+

«Türkmenistan» awiakompaniýasy Abu-Dabi ugruna goşmaça gatnawy ýola goýýar

«Türkmenistan» awiakompaniýasy 2026-njy ýylyň 4-nji ýanwaryndan başlap, Aşgabat – Abu-Dabi – Aşgabat ugry boýunça yzygiderli ýolugçy gatnawlarynyň sanyny artdyrýar. Indi Birleşen Arap Emirlikleriniň paýtagtyna uçuşlar hepdede iki gezek amala aşyrylar...

29.12.2025 00:16
6.2k+

Abu-Dabide BAE-niň esaslandyryjysyna bagyşlanan uly muzeý açyldy

Abu-Dabide Birleşen Arap Emirlikleriniň esaslandyryjysyna we ilkinji Prezidentine bagyşlanan iri medeni merkez — Şeýh Zaýed adyndaky Milli muzeý açyldy. Saadiýat adasynda ýerleşýän bu muzeý ýurduň taryhy we onuň lideriniň mirasy bilen tanyşmak üçin döredilen özboluşly giňişlikdir...