Starliner kosmos gämisi ekipažsyz Ýere üstünlikli gaýdyp geldi

  • 09.09.2024 00:29
  • 5.5k+

Boeing kompaniýasynyň Starliner kosmos gämisi ekipažsyz yzyna gaýdyp, Nýu-Meksiko amerikan ştatynda üstünlikli gondy. Gonuş ýerli wagt bilen 22:01-de (Aşgabat wagty bilen 09:01, 7-nji sentýabr) boldy diýip, RIA Nowosti habar berýär.

Gämi ABŞ-nyň Gündogar kenarynyň wagty bilen 18:04-de (Aşgabat wagty bilen 03:04) Halkara kosmos stansiýasyndan aýryldy, onuň Ýere gaýdyp gelmegi alty sagat töweregi wagt aldy.
NASA bilen şertnama esasynda Boeing kompaniýasy tarapyndan döredilen Starliner 5-nji iýunda NASA-nyň astronawtlary Barri Uilmor we Sunita Uilýams bilen ilkinji uçarmanly uçuşa ugrady. Synag missiýasy bir hepde töweregi dowam eder diýlip meýilleşdirilipdi, ýöne stansiýa bilen sepleşme wagty gäminiň hereketlendirijisinde ýüze çykarylan näsazlyklar sebäpli missiýa uzaldylmaly boldy. 
Hünärmenlere bu näsazlyklary aradan aýyrmak başartmady, şol sebäpli Starliner Ýere ekipažsyz gaýdyp geler diýlen netijä gelindi. Indi astronawtlar geljek ýylyň fewral aýyna çenli HKS-de galar we SpaceX kompaniýasynyň Crew Dragon gämisinde yzyna geler diýlip meýilleşdirilýär.


18.04.2026 23:36
3.9k+

2026-njy ýylyň maýynda seýrek duş gelýän goşa dolan Aý hadysasy bolar

2026-njy ýylyň maý aýynda Ýeriň ýaşaýjylary seýrek duş gelýän hadysany — bir aýyň dowamynda iki gezek dolan Aýyň emele gelmegini synlap biler. Bu barada K.E.Siolkowskiý adyndaky Döwlet kosmonawtika taryhy......

22.03.2026 16:34
4.2k+

Mart aýynyň ahyrynda iki meteor akymyny synlamak bolar

2026-njy ýylyň mart aýynyň ahyrynda Ýeriň ýaşaýjylary iki meteor ýagşyny — Gamma Normidleri we Eta Wirginidleri synlap bilerler. Birinjisi 28-nji marta çenli, ikinjisi bolsa 25-nji marta çenli işjeň bolar. Aýyň ýagtylygynyň gowşaklygy sebäpli olary arkaýyn synlap bolar...

21.03.2026 11:26
5.5k+

Gije bilen gündiziň deňleşen pursady: 20-nji martda Ýer ýaz paslyna «geçdi»

20-nji martda Türkmenistanyň wagty bilen takmynan sagat 19:46-da Ýer şary üçin kän bir bildirmeýän, ýöne planeta üçin düýpli ähmiýeti bolan pursat — ýazky gije-gündiz deňleşmesi boldy. Bu wagtda Gün asman ekwatoryny kesip geçýär we gije bilen gündiz deňleşýär: takmynan, 12 sagat gündiz we şonça sagat hem gije...

09.03.2026 14:06
13k+

Germaniýada asmandan inen meteorit ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi

Germaniýanyň günbataryndaky Reýnland-Pfalz federal ýerindäki Koblens şäherinde 8-nji mart güni agşam asmandan düşen meteorit bölegi ýaşaýyş jaýynyň üstüne düşdi. Koblens polisiýasynyň berýän maglumatyna görä, Gýuls raýonynda sagat 19:00 töweregi kömürleşen asman jisimi jaýyň üçeklerini deşip geçdi...