Oktagondan syýasata: Makgregor Irlandiýanyň prezidentligine dalaş etmek isleýär

  • 09.09.2024 01:07
  • 21k+

UFC-niň öňki çempiony Konor Makgregor 2025-nji ýylda Irlandiýanyň Prezident saýlawlaryna gatnaşmak isleýändigini mälim etdi. Ol bu barada X sosial ulgamyndaky sahypasynda aýtdy.

Makgregor ýurduň häzirki syýasy ugruna nägilelik bildirip, häkimiýetleri ýönekeý raýatlaryň bähbitlerini äsgermezlik etmekde we kiçi işewürligi dargatmakda günäkärledi.
Onuň aýtmagyna görä, Irlandiýa işçileriň we telekeçileriň hukuklaryny gorap biljek “halkyň içinden çykan işjeň Prezident” gerek. Makgregor özüniň geljekki saýlawlarda “ýeke-täk logiki saýlawdygyna” ynanýar.
34 ýaşly söweşiji öň hem birnäçe gezek syýasata gatnaşmak mümkinçiligine yşarat etdi we sosial hem syýasy meselelere işjeň jogap bermegi dowam etdirýär.
Makgregoryň soňky söweşi UFC 264-de bolup, amerikaly Dastin Porýe bilen duşuşdy. Söweş irlandiýalynyň şikes almagy sebäpli birinji raundda tamamlandy.


26.06.2026 23:43
7.6k+

SmackDown-yň ýyldyzy Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Aktýor we restler Jon Sina Ginnesiň rekordlar kitabynyň «ikona» statusyna mynasyp boldy. Onuň ady şu ýylyň sentýabr aýynda çykjak 2027-nji ýylyň neşirine giriziler....

24.06.2026 18:18
5k+

UFC Drikus dýu Plessi bilen Kamaru Usmanyň duşuşygyny yglan etdi

UFC-niň orta agram derejesindäki öňki çempiony Drikus dýu Plessi guramanyň ýarym orta agram derejesindäki öňki çempiony Kamaru Usman bilen urşar. Promouşeniň habar bermegine görä, bu tutluşyk 19-njy iýulda......

22.06.2026 14:40
4.6k+

UFC amerikan harby gullukçylary üçin ýaryş geçirmegi meýilleşdirýär

UFC-niň prezidenti Dana Waýt ABŞ-nyň prezidenti Donald Tramp bilen bilelikde harby gullukçylar üçin ýaryş geçirmek meýilleri barada mälim etdi....

18.06.2026 22:41
9.3k+

Islam Mahaçew UFC 330-da Ien Gerri bilen tutluşykda çempionlyk guşagyny gorar

UFC-niň ýarym orta agram derejesindäki häzirki çempiony Islam Mahaçew indiki söweşini diwizionyň reýtingindäki birinji belgili Ien Maçado Gerri bilen geçirer. Ýakynlaşýan söweş barada UFC-niň metbugat gullugy......