OpenAI -yň esaslandyryjysy “ygtybarly” ýokary aňy  döretmek üçin 1 milliard dollar goýdy

  • 08.09.2024 17:04
  • 1.6k+

OpenAI -yň esaslandyryjylaryndan biri we öňki baş ylmy işgär Ilýa Suskewer adamyň mümkinçiliklerinden üstün gelýän “ygtybarly” emeli aň ulgamyny işläp düzmek bilen meşgullanýan täze Safe Superintelligence (SSI) başlangyjy üçin 1 milliard dollar goýdy. Bu barada başlangyja salgylanýan Reuters habarlar gullugy habar berdi.

SSI Kaliforniýadan we Ysraýyldan jemi on adamdan ybarat barlagçylar we inženerler toparyny döretmegi meýilleşdirýär. SSI-de esasy wezipeleri OpenAI-yň öňki işgärleri eýeleýär: Deniel Lewi baş ylmy işgär boldy, baş direktor wezipesine bolsa öň Apple-de AI bölümine ýolbaşçylyk eden Deniel Gross bellendi.
Häzirki wagtda SSI-de önüm ýok we onuň satuwa ýene birnäçe ýyldan soň çykarylmagyna garaşylmaýar.
SSI-iň maliýeleşdirilmegini Kaliforniýada AI-ni kadalaşdyrmak baradaky täze kanunçylyk başlangyçlaryna garşy çykýan a16z wençur şereketi goldady diýip, The Verge belleýär.
Suskeweriň özi 2024-nji ýylyň maý aýynda ýolbaşçylary bilen bolan gapma-garşylykdan we onuň AI-ni adamzat gymmatlyklaryna uýgunlaşdyrmak ugrunda işleýän topary dargadylandan soň, OpenAI-dan çykdy. SSI, bu meselede pudakdaky bölünişige garamazdan, howpsuz AI çözgütlerini işläp düzmegi wada berýär.


16.05.2026 23:58
3.4k+

Claude emeli aňy 11 ýyl ozal gulplanan kripto gapjygy açmaga kömek etdi

X (öňki Twitter) sosial ulgamynda «cprkrn» lakamly ulanyjy Anthropic kompaniýasynyň Claude emeli aň modeliniň kömegi bilen içinde 5 sany bitkoini bolan kripto gapjygyna girmegi başardy. Bu gapjyk mundan 10-11......

05.05.2026 05:26
3.2k+

Emeli aň çagalardaky üns ýetmezçiligi we aşa hereketjeňlik sindromyny has irki tapgyrlarda anyklamagy öwrendi

Alymlar emeli aňyň çagalarda üns ýetmezçiligi we artykmaç hereketjeňlik sindromynyň (ÜÝAHS) alamatlaryny, heniz resmi diagnoz goýulmazyndan birnäçe ýyl öň anyklap bilýändigini subut etdiler....

18.04.2026 12:23
4.2k+

Meýn uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny gadagan eden ilkinji ABŞ ştaty bolar

Meýn 2027-nji ýylyň noýabryna çenli 20 megawat we ondan-da köp energiýa sarp edýän täze uly maglumat merkezleriniň gurluşygyny togtadan ilkinji ABŞ ştaty bolmagy meýilleşdirýär. Kanun taslamasy elektrik......

07.03.2026 17:10
974

OpenAI GPT-5.4-i tanyşdyrdy: Kontekst penjiresi bir million tokene çenli giňeldildi

OpenAI kompaniýasy özüniň täze GPT-5.4 dil modelini tanyşdyrdy. Işläp düzüjiler çylşyrymly meseleleri çözmäge, programirlemäge we dürli gurallar bilen işlemäge has uly üns berip, emeli aň ulgamlarynyň hataryny ösdürmegi dowam edýärler...