Hindistanly ussat ýatkeş Eýleriň sanyndaky 14 000 belgini ýatda saklap rekord goýdy

  • 08.09.2024 17:02
  • 8.2k+

Hindistanly Dipu Wi Eýleriň sanynyň (e harpy bilen aňladylýar) 14 000 belgisini ýatda saklamak bilen, Ginnesiň Rekordlar kitabyna girdi. Öňki rekord 10122 san bolupdy.

E san, Pi san ýaly, irrasional we tükeniksizdir, onuň sanlarynyň yzygiderliligi bolsa hiç haçan gaýtalanmaýar.
Rekord goýmazdan ozal, Dipu Wiýiň gizlin diňleýiş enjamlarynyň bardygy-ýokdugy barlandy, gözleri daňyldy we gapdaldan kömek alyp bilmejekdigine göz ýetirildi.
Düzgün boýunça ýalňyş goýbermek we 15 sekuntdan köp säginmek gadagandy. Eýleriň sanynyň 14 000 belgisini aýtmak üçin hindä bary-ýogy 49 minut gerek boldy.
Rekord eýesiniň çagalykdan bäri sanlary aňsatlyk bilen ýatda saklamak we 5000-den gowrak telefon belgisini ýat beklemek ukybynyň bardygy bellendi. Ol eýýäm bir gezek Piýiň sanynyň 2000 belgisini beýleki bäsdeşlerinden has çalt  aýtmak bilen, rekord goýupdy.
Täze synaga taýynlyk görmek üçin Dipu Wi üýtgeşik tablisa usulyny ulanyp, 14 000 sany hersinde 200 bäş belgili san bolan tablisaly dört sahypa böldi. Günde 250 sany ýat bekledi we hepdede üç gününi materialy berkitmäge sarp etdi. Taýýarlyk görmäge jemi dört aý gerek boldy.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......