BMW üýtgeşik bir tehnologiýany taýýarlaýar, ýagny 2027-nji ýylda reňki üýtgäp durýan awtoulaglar peýda bolar

  • 08.09.2024 16:29
  • 10k+

BMW nemes awtoulag öndürijisi awtoulaglara göz açyp-ýumasy salymda reňkini üýtgetmäge mümkinçilik berýän E Ink tehnologiýasyny ornaşdyrmagyň üstünde işjeň işleýär. Şeýle tehnologiýaly ilkinji awtoulaglar 2027-nji ýylda peýda bolup biler diýip, Carbuzz habar berýär.

BMW ilkinji gezek E Ink tehnologiýasyny CES 2022-de BMW iX konsept-karynda görkezdi, şol ýerde awtoulag dessine akdan gara reňkde öwrüldi. Ondan bäri tehnologiýa kämilleşip, BMW Art Car-da we i Vision Dee-de ulanyldy.
E Ink tehnologiýasynyň birnäçe artykmaçlygy bar: adaty reňkleýji ussahanalara zerurlyk bolmaz, bu bolsa zyýanly maddalaryň zyňyndylaryny azaldar. Mundan başga-da, müşderiler adaty rekler bilen çäklenmän, öz awtoulaglary üçin islendik reňki saýlap bilerler.
BMW-niň E Ink ugry boýunça innowasiýalara jogapkär inženeri, doktor Stella Klark tehnologiýanyň ýakyn ýyllarda önümçilige berilmäge taýýardygyny tassyklady.

"Biziň arzuwymyz, awtoulag zawodynda indi adaty reňkleýji bölümleriň  bolmazlygyny üpjün etmek" – diýip, ol belledi.

E Ink-li awtoulaglar başda gymmat bolsa-da, wagtyň geçmegi bilen bahasy peselip başlar we bu tehnologiýa alyjylaryň has giň toparyna elýeterli bolar.


18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......