Nissan kaşaň dizaýnly we 425 at güýji bolan Armada 2025 wnedorožnigini hödürledi

  • 08.09.2024 16:20
  • 6.9k+

Nissan has uly, has güýçli we tehnologiki taýdan has ösen üç hatarly Armada 2025 awtoulagyny hödürledi diýip,  Motor1 habar berýär.

Bu model täzelenen dizaýn, ýokary tehnologiýaly interýer we täze hereketlendiriji aldy.
Armada 2025, Infiniti QX80-den alnan 3,5 litrlik goşa turbo V6 we doly priwodly 9 basgançakly awtomatiki geçiriji korobkasy bilen enjamlaşdyrylandyr. Hereketlendiriji 700 Nm aýlanma pursadyny we 425 at güýjüni öndürýär.
Ýolsuz ýerlerde sürmek üçin döredilen Pro-4X wersiýasyna 20 dýuýmlyk şinalar, pnewmatiki podweska, demir plastinasy we petiklenýän elektron arka differensial goşulandyr. Ozal diňe Ýakyn Gündogarda Nissan Patrol üçin elýeterli bolan bu differensial indi ABŞ-da hem bar.

Iň ýokary Platinum Reserve wersiýasy aýratyn 22 dýuýmlyk tekerleri, pnewmatiki podweskasy, zolak görnüşindäki yzky LED çyralary, sürüjiniň we ýolagçylaryň massažly oturgyçlary we proýeksion displeýi bilen tapawutlanýar.


Armada-nyň interýerinde goşa 12.3 dýuýmlyk ekran we adaty simsiz Apple CarPlay we Android Auto bar.
Nissan Armada 2025 hereket zolagyndan çykylanda kömek ulgamyny, awtomatiki uzakdaky çyrany, kör zolaklara gözegçilik ulgamyny we ş. m. öz içine alýan güýçlendirilen howpsuzlyk aýratynlyklaryna eýedir.
Täze önümiň bahasy entek aýan edilmedi.


08.06.2026 16:02
2k+

"Nissan" "Luce" modeliniň "Leaf" bilen daşky meňzeşligi sebäpli "Ferrari-ä" degsindi

Internetde täze “Ferrari Luce” superkary bilen köpçülikleýin öndürilýän üçünji nesil “Nissan Leaf” elektrokarynyň arasynda daşky meňzeşligiň bardygy barada gürrüňler ýaýrap başlandan soň, Nissan kompaniýasy......

07.06.2026 16:58
2.6k+

Nissan 19 ýyldan soň Primera modelini bazara gaýtardy, ýöne indi elektrik fastbek görnüşinde

Nissan kompaniýasy 2007-nji ýyldan bäri bazarda görünmeýän Primera modeliniň täze neslini tanyşdyrdy. Awtomobiliň köpçülikleýin premýerasy Filippiniň halkara awtosalonynda (PIMS) boldy....

05.06.2026 18:16
6.2k+

Mitsubishi we Nissan bileleşip täze pikap dörederler

Mitsubishi kompaniýasy Nissan bilen bilelikde işlenip düzüljek täze model arkaly pikaplarynyň hataryny giňeltmegi meýilleşdirýär. Täze önüm ilkinji nobatda ABŞ-nyň bazaryna gönükdiriler....

31.05.2026 16:54
4.8k+

Nissan boýaýjy sehleriň galyndylaryny ulanmagyň usulyny tapdy: galyndyny ses izolirleýjä öwürýär

Nissan kompaniýasy Takayama Group bilen hyzmatdaşlykda boýag önümçiliginiň galyndylaryny gurluşyk senagaty üçin ses izolirleýji materiallara gaýtadan işlemäge başlady....