Türkmen wekiliýeti Daewoo E&C bilen hyzmatdaşlygy giňeltmegi maslahatlaşdy

  • 07.09.2024 00:57
  • 4.4k+

Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy Derýageldi Orazowyň ýolbaşçylygyndaky türkmen wekiliýeti Koreýa Respublikasynda gulluk iş saparynyň çäklerinde Seulda dünýä belli “Daewoo E&C” kompaniýasynyň baş direktory Bek Jung-Wan bilen duşuşdy.

Duşuşyga Türkmenistanyň Döwlet daşary ykdysady iş bankynyň müdiriýetiniň başlygy Rahymberdi Jepbarow hem-de Türkmenistanyň Koreýa Respublikasyndaky ilçisi Begenç Durdyýew gatnaşdy.
Koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanda dökün önümçiligi boýunça 2 iri taslama bilen gyzyklanýandygyny belledi. Şeýle hem ol ýolbaşçylyk edýän kompaniýasynyň täze şäherleri we köp gatly binalary gurmak tejribesiniň bardygyny belläp, “Daewoo E&C” kompaniýasynyň Türkmenistanda ýokary hilli taslamalary durmuşa geçirmek mümkinçilikleriniň bardygyny aýtdy.
Türkmen wekliýeti öz gezeginde “Daewoo E&C” kompaniýasynyň tekliplerine oňyn baha berip, hyzmatdaşlygyň geljekki ugurlaryny öwrenmäge taýýardyklaryny aýtdy.
Koreý kompaniýasynyň ýolbaşçysy Türkmenistanyň baş tebigy serişdeleri, infrastruktura we şäher ösüşi ulgamyndaky görnetin maýa goýumlary bilen strategik ähmiýete eýedigini belläp geçdi.
Bek Jung-Wan Türkmenistanyň bazarynda öňdebaryjy orny eýelemek üçin ähli tagallalary etmäge taýýardyklaryny aýtdy. Günorta Koreýanyň bu kompaniýasy gurluşyk we inženerçilik babatda öňdebaryjy bolup, global iri taslamalary durmuşa geçirmek bilen baý tejribe eýedir. Kompaniýanyň Türkmenistana gyzyklanmasy ýurduň täze şäherleriň ösüşine we ykdysadyýetiň diwersifikasiýalaşdyrmaga bolan tagallalary bilen utgaşýar.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....