Naýrobide geljegiň kafesi açyldy: myhmanlara robot ofisiantlar hyzmat edýär

  • 07.09.2024 00:17
  • 5.2k+

Keniýanyň paýtagty Naýrobide Gündogar Afrikada ilkinji robot ofisiantly kafe açyldy. Robot Cafe adyny alan bu ýer, aýratynam, çagaly maşgalalaryň arasynda meşhurlyk gazanyp ýetişdi diýip, TASS habar berýär.

Robotly kafe döretmek pikiri syýahat tejribesinden ruhlanyp, Naýrobiniň restoran senagatyna täzelik girizmek kararyna gelen esaslandyryjy Mohammed Abbasa degişli.
Robot Cafe-niň menýusyna alkogolsyz halal iýmit girýär, bu hem ony ähli dindäki müşderiler üçin elýeterli edýär. Kafede dört robot ofisiant işleýär. Robotlar sargytlary degişli adamlara eltip berýärler, ýöne sargytlary kabul etmek we myhmanlar bilen gürleşmek işine adaty ofisiantlar jogap berýär.

“Robotlar hiç haçan hakyky ofisiantlaryň ornuny tutmaz, sebäbi olar myhmanlary hakyky adamlar ýaly garşylap bilmezler” – diýip, kafeniň dolandyryjysy Jon Kariuki belleýär.

Robot Cafe Afrikada şeýle görnüşli ýeke-täk kafe däl. Ilkinji robokafe Nigeriýada peýda boldy, soňra Günorta Sudanda açyldy. Naýrobide ýene birnäçe şeýle kafeni açmak meýilleşdirilýär.
Şol bir wagtyň özünde, Kariuki robotlaryň Tailandda satyn alnandygyny we olaryň her biriniň bahasynyň iki ofisiantyň ýylda alýan zähmet hakyna deňdigini aýtdy.

25.06.2026 23:36
5.3k+

Syýahatçylaryňky çüwmedi: Eýfel diňi möhletinden öň ýapyldy

Fransiýadaky aşa yssy howa birnäçe meşhur syýahatçylyk ýerleriniň iş tertibiniň üýtgemegine getirdi. Ilkinjileriň hatarynda adaty wagtyndan öň ýapylan bolsa, Pariždäki Eýfel diňi boldy....

23.06.2026 09:50
5k+

Bir däl, iki däl, bäş esse: Ýaponiýa daşary ýurtlular üçin wiza tölegini galdyrýar

Kyodo agentliginiň habar bermegine görä, Ýaponiýanyň häkimiýetleri daşary ýurtlular üçin wiza tölegini bäş esse köpeltmek kararyna geldiler. Bu ädim inflýasiýanyň ýokarlanmagy we ýenanyň hümmetiniň pese......

22.06.2026 16:31
5.5k+

Wýetnam syýahatçylar üçin ýurda girmegiň düzgünlerini üýtgetdi

22-nji iýundan başlap, Wýetnama girmek üçin syýahatçylardan öňünden elektron geliş kartyny doldurmak talap ediler. Bu barada Russiýanyň Syýahatçylyk operatorlarynyň assosiasiýasy (ATOR) habar berýär....

22.06.2026 14:41
6.2k+

«Çöl arzuwy»: Saud Arabystany sebitde ilkinji ultra-kaşaň otlusyny işe girizýär

2026-njy ýylyň dekabr aýynda Saud Arabystanynda «Dream of the Desert» («Çöl arzuwy») atly otlynyň işe girizilmegi meýilleşdirilýär. Bu Ýakyn Gündogarda syýahatçylyk üçin döredilen ilkinji «ultra-kaşaň» klasly......