Tim Býorton Golliwudyň “Şöhrat alleýasynda” ýyldyz aldy

  • 06.09.2024 11:21
  • 6.9k+

Özüniň gotiki we fantastiki filmleri bilen tanalýan režissýor Tim Býorton Golliwuddaky “Şöhrat alleýasynda” köpden bäri garaşylan ýyldyzy aldy. Bu barada Film.ru habar berýär.

Ýyldyzyň gowşurylyş dabarasynda Býortony aktrisa Monika Belluççi, şeýle-de Waýnona Raýder, Maýkl Kiton we Denni DeWito ýaly ýakyn dostlary we kärdeşleri goldady.
Býorton karýerasyna 1985-nji ýylda başlap, kino muşdaklaryna “Edward gaýçy elleri”, “Çarli we şokolad fabrikasy”, “Suini Todd”, “Ukuly jülge” ýaly meşhur filmleri sowgat etdi.
Şu ýyl režissýor 1988-nji ýyldaky mistiki komediýanyň uzak garaşylan dowamy “Bitljus Bitljus” bilen uly ekrana gaýdyp geldi. Filmde Raýderden we Kitondan başga-da, Jenna Ortega, Uillem Defo we Ketrin O’Hara surata düşdi. “Bitljus Bitljusyň” premýerasy Wenesiýa kinofestiwalynda boldy we ol tankytçylardan oňyn seslenmeleri aldy.


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......