Hindistanly talyp dünýäde iň kiçi tozan sorujyny döretdi: ululygy bary-ýogy 0,65 sm

  • 06.09.2024 11:30
  • 15k+

Hindistanly talyp Tapala Nadamuni ululygy bary-ýogy 0,65 sm bolan dünýäde iň kiçijik tozan sorujyny döretdi. Onuň üstünligi Ginnesiň rekordlar kitaby tarapyndan resmi taýdan hasaba alyndy, ol 2022-nji ýylda goýlan öňki rekordy 0,2 sm tapawut bilen täzeledi.

2020-nji ýylda 1,76 sm ululykdaky tozan sorujy bilen eýýäm rekord goýan 23 ýaşly Tapala soňky ýyllary öz netijesini has gowulaşdyrmaga sarp etdi. Täze model yhlasly zähmetiň we 50-den gowrak gaýtadan işlenen shemanyň netijesi boldy.
Mini-tozan sorujy doly göwrümli tozan sorujylar ýaly işleýär: ol hapany sorýan otrisatel basyşy döretmek üçin elektrik energiýasyny ulanýar.
Esasy kynçylyk tozan sorujylygyň zerur kuwwatyna ýetmekde boldy. Tapala korpus üçin esas hökmünde şarikli ruçkany ulandy we plastikden hem metaldan birnäçe elementi goşdy. Gurluşyň içinde 4 woltlyk wibrasiýa hereketlendirijisinden işleýän kiçijik aýlanýan wentilýator bar.

“Gajetleri döretmek işi meni çagalykdan bäri gyzyklandyrýardy. Men dört ýyldan soň öz rekordymy täzeläp bilendigime diýseň begenýärin” – diýip, Tapala belledi.


18.06.2026 22:32
3.9k+

194 ýaşly pyşbaga Jonatan resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň ikonasy boldy

Ýerde ýaşaýan janly-jandarlaryň iň garrysy hasaplanýan Jonatan atly aldabra pyşbagasy resmi taýdan Ginnesiň rekordlar kitabynyň abraýly «ikona» statusyna eýe boldy....

18.06.2026 22:08
2.6k+

Hindistan synaglardaky aldawçylyk sebäpli Telegram-y wagtlaýynça petikledi

Hindistanyň häkimiýetleri Telegram messenjerine girişi 22-nji iýuna çenli wagtlaýynça gadagan etdi. Reuters agentliginiň ýurduň Bilim ministrligine salgylanyp berýän habaryna görä, bu çäre lukmançylyk okuw......

16.06.2026 12:35
6.1k+

Hindistanda öý hojalykçy aýallar we işçiler emeli aň üçin wideo düşürip gazanç edýärler

Hindistanda emeli aň robotlaryny gündelik işleriň ýerine ýetirilişini wideo ýazgy etmek arkaly okatmaga kömek edýän işçilere bolan isleg artýar. Şeýle iş üçin maksatnamanyň gatnaşyjylary sagadyna 3 dollardan......

15.06.2026 10:46
3.3k+

Gazagystanly aýdymçy 5 sagatda yzyny üzmän 102 aýdym aýdyp rekord goýdy

Shakarim University ýokary okuw mekdebiniň mugallymy Kaýrat Kabyşew 5 sagat 29 minudyň dowamynda gazaklaryň 102 sany halk aýdymyny ýerine ýetirip, dünýä rekordyny goýdy. Bu üstünlik Aziýanyň we Afrikanyň......