Täze Zelandiýa tebigaty goramak üçin syýahatçylyk salgydyny üç esse artdyrýar

  • 06.09.2024 11:19
  • 3.5k+

Täze Zelandiýa infrastrukturanyň ösüşini we daşky gurşawyň goragyny maliýeleşdirmek üçin syýahatçylyk salgydyny ýokarlandyrýar. 2024-nji ýylyň 1-nji oktýabryndan daşary ýurtly syýahatçylar 100 Täze Zelandiýa dollaryny (takmynan, 62 ABŞ dollary) tölemeli bolarlar, bu häzirkiden üç esse köpdür. Şeýle-de, wizalaryň bahasy 341 Täze Zelandiýa dollaryna çenli ýokarlanar diýip, South China Morning Post habar berýär.

Ýurduň syýahatçylyk ministri Mett Dusi täze salgydyň beýleki ýurtlar bilen deňeşdirilende henizem bäsdeşlige ukyply bolup galýandygyny we syýahatçynyň umumy çykdajysynyň, takmynan, 3%-ini emele getirýändigini belledi.
Goşmaça serişdeler uzak sebitlerde infrastrukturanyň ösüşine hem-de daşky gurşawyň goragyna gönükdiriler.
Syýahatçylyk Täze Zelandiýanyň ykdysadyýetiniň esasy ugry bolup, ýylda 13 mlrd TZ dollaryndan gowrak girdeji getirýär. 2023-nji ýylda ýurda, takmynan, 3,2 mln daşary ýurtly geldi.
Tourism Industry Aotearoa statistika saýtynyň maglumatlaryna görä, syýahatçylyk pudagy harytlaryň we hyzmatlaryň umumy eksportynyň 20%-ini düzýär. Koronawirus pandemiýasyndan öň syýahatçylyk pudagy Täze Zelandiýanyň JIÖ-niň 9,3% töweregini emele getirýärdi, ol ähli iş orunlarynyň 13%-den gowragyny üpjün edýärdi.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......