Wiktor Osimhen “Galatasaraýa” goşuldy: ýylyň iň garaşylmadyk transferi

  • 05.09.2024 20:49
  • 10k+

Italiýanyň “Napoli” toparynda çykyş eden nigeriýaly hüjümçi Wiktor Osimhen resmi taýdan Stambulyň “Galatasaraýynyň” oýunçysy boldy. Türkiýäniň çempionlary hüjümçiniň 2024/25 möwsüminiň ahyryna çenli kärendesine alnandygyny tassykladylar diýip, Daily Sports habar berýär.

“Osimhen we “Napoli” kluby bilen kärendesine almak barada ylalaşyk gazanyldy. Futbolçy 2024/25 möwsüminde alty million ýewro gazanar” – diýlip, türk klubunyň habarynda aýdylýar.
Futbolçy Stambul klubunyň düzüminde 45-nji belgi bilen çykyş eder. Şertnamada “Galatasaraý” üçin satyn alyş mümkinçiligi göz öňünde tutulmaýar, ýöne kluby, eger 2025-nji ýylyň gyşynda öňdebaryjy on klubuň birinden teklip gelse, Osimheni goýbermäge borçlandyrýan şert girizildi.
“Napolide” geçiren dört möwsüminde Osimhen 133 oýunda 76 gol geçirip, 2022/23 möwsüminde Seriýa A-da iň gowy bombardir boldy – şol möwsüm “Napoli” çempionatda ýeňiji boldy.
Tomusda “Galatasaraý” Çempionlar ligasynyň kwalifikasiýasyny geçip bilmedi, şonuň üçin Ýewropa ligasynyň esasy tapgyrynda oýnar.


düýn 13:51
8.8k+

DÇ – 2026: Dembele hettrik etdi, Kabo-Werde taryha öwrülýär, Eýran welin, Müsürden asgyn geldi...

Futbol boýunça 2026-njy ýylyň Dünýä çempionatynda G, H we I toparlarynda iň soňky – 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparçalardaky jemleýji orunlar we 1/16 ahyrky tapgyra......

26.06.2026 14:33
12k+

DÇ-2026:  Germaniýa Ekwadordan, ABŞ - Türkiýeden ýeňlip, öňe barýarlar

Futbol boýunça dünýä çempionaty barha we barha gyzyşýar. E, F we D toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş jetwelindäki gutarnykly......

25.06.2026 13:40
9.3k+

DÇ-2026: Winisius bombardirleriň bäsleşigine goşuldy, Marokkodan goşa kambek

Futbol boýunça dünýä çempionatynyň tüýs gyzgalaňly pursatlary dowam edýär. A, B we C toparçalarynda iň soňky, ýagny 3-nji tapgyryň oýunlary tamamlandy. Bu duşuşyklaryň netijelerine görä, toparlaryň ýaryş......

24.06.2026 22:49
8.1k+

DÇ-2026: Pleý-off tapgyrynyň öňüsyrasynda toparçalardaky ýagdaý nähili? Kim gider, kim galar?

Futbol boýunça 23-nji dünýä çempionatynyň toparçalaýyn tapgyrynyň iň jogapkärli – 3-nji tapgyry başlanýar. Köp ýygyndylar üçin bu ädim pleý-offa (1/16 finala) çykmagyň soňky mümkinçiligi. A käbirleri eýýämden......