Türkmenistanda notariuslaryň hünär etikasynyň kadalary tassyklanyldy

  • 05.09.2024 15:12
  • 8.7k+

Türkmenistanda Döwlet notariusynyň we hususy notariusyň Kasamyny kabul etmegiň tertibi hem-de olaryň hünär etikasynyň kadalary tassyklanyldy. Türkmenistanyň adalat ministri M.Taganow degişli Buýrugy 15-nji iýulda çykardy, 26-njy awgustda ol Türkmenistanyň Adalat ministrliginde döwlet belligine alyndy.

 

Bu resminama Türkmenistanyň döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň we notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama esasynda notarial işini amala aşyrýan hususy notariuslaryň Kasamyny kabul etmegiň tertibini kesgitleýär. 
Döwlet notarial edarasynda ýa-da hususy notariusda tälim alyjylygy geçen tälim alyjy degişlilikde Türkmenistanyň Adalat ministrliginiň Notarial işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň ýa-da Hukuk işini amala aşyrmaga hukuk berýän hünär synag toparynyň hünär synagyndan geçýär.
Hünär synagynda degişli hünär synag toparynyň «hünär synagyndan geçdi» diýen netijesi esasynda, notarius şol toparyň mejlisinde dabaraly ýagdaýda şu mazmunly Kasamy kabul edýär:

«Men, (familiýasy, ady, atasynyň ady), notariusyň borçlaryny Türkmenistanyň kanunçylygyna laýyklykda dogry we päk ýürekden, ynsap bilen ýerine ýetirmäge, fiziki we ýuridik şahslaryň hukuklaryny hem kanuny bähbitlerini, döwletiň bähbitlerini hormatlamaga we goramaga, notarial hereketleriň syryny saklamaga, hemişe we hemme ýerde notariusyň belent adynyň arassalygyny saklamaga we oňa mynasyp bolmaga dabaraly kasam edýärin.».

Kasamyň sarpasyna dilden we ýazmaça görnüşde, hereket (özüni alyp barmak) arkaly hormatlamazlyga ýol berilmeýär.
Notarius Kasamyň ýazgysynyň aşagyna gol çekýär we ol notariusyň şahsy jildinde saklanýar.
Kasamy kabul etmedik adam notariusyň borçlaryny ýerine ýetirip bilmez.

Şeýle hem bu resminama Türkmenistanyň döwlet notarial edaralarynyň döwlet notariuslarynyň we notarial işi amala aşyrmaga hukuk berýän ygtyýarnama esasynda notarial işini amala aşyrýan hususy notariuslaryň hünär etikasynyň we özüni alyp barşynyň kadalaryny kesgitleýär.
Notariusyň hünär etikasy – notarius tarapyndan hünär borçlary ýerine ýetirilende, şol sanda müşderiler, işdeşleri, döwlet edaralarynyň we gaýry guramalaryň wekilleri bilen özara gatnaşyklarda, oňa bildirilýän talaplary kesgitleýän kadalaryň jeminden ybaratdyr.
Notarius wezipe borçlaryny ýerine ýetirende kanunylyk ýörelgesini, Türkmenistanyň Konstitusiýasynyň, kanunlarynyň we gaýry kadalaşdyryjy hukuk namalarynyň talaplaryny goldanmalydyr, Türkmenistanyň Prezidentiniň syýasatyna ygrarly bolmalydyr we ony yzygiderli durmuşa geçirmelidir, özüniň hereketleri bilen döwlet häkimiýetiniň abraýyny pugtalandyrmalydyr, döwlet edaralarynyň abraýyny gaçyryp biljek hereketleri etmäge ýol bermeli däldir.


14.05.2026 19:01
1.5k+

Aşgabatda sanly söwdany we elektron täjirçiligi ösdürmegiň strategiýasy maslahatlaşyldy

11-nji we 12-nji maýda Aşgabatda Halkara söwda merkeziniň (HSM) sanly söwdany we elektron täjirçiligi düzgünleşdirmäge bagyşlanan iki okuw maslahaty geçirildi....

11.05.2026 22:55
1k+

Geçen hepde biržada geleşikleriň jemi bahasy 11 mln 375 müň ABŞ dollaryna deň boldy

Geçen hepdede Türkmenistanyň Döwlet haryt-çig mal biržasynyň söwdalarynda geleşikleriň 17-si hasaba alyndy. Bu barada TDH habar berýär....

06.05.2026 20:34
10k+

Zaha Hadid Architects kompaniýasynyň wekilleri «Ak şäherim Aşgabat 2026» forumyna gatnaşar

Zaha Hadid Architects binagärlik býurosynyň wekilleriniň 24-25-nji maýda Türkmenistanyň paýtagtynda geçiriljek «Ak şäherim Aşgabat 2026» XXV halkara sergisine we maslahatyna gatnaşmagyna garaşylýar. Bu barada......

03.05.2026 15:54
2.5k+

Türkmenistanyň ilçisi Türkiýäniň Palatalar we biržalar birleşiginiň ýolbaşçysy bilen duşuşdy

1-nji maýda Türkmenistanyň Türkiýedäki ilçisi Mekan Işangulyýew Türkiýe Respublikasynyň Palatalar we biržalar birleşiginiň başlygy Rifat Hisarjyklyoglu bilen duşuşyk geçirdi. Taraplar söwda-ykdysady......