Türkmenistan CAREC forumynda howanyň üýtgemeginiň meselelerini çözmek boýunça tejribesini paýlaşdy

  • 05.09.2024 15:00
  • 3.7k+

Türkmenistanyň wekiliýeti «Howa wehimleri: toparlaýyn hereket üçin serhetleriň çäginden daşgary oýlanyş» atly sekizinji Merkezi Aziýa sebitinde Ykdysady Hyzmatdaşlyk maksatnamasynyň (CAREC) analitik merkeziniň ösüş forumyna gatnaşdy. Wekiliýetiň düzümine Ylymlar akademiýasynyň Halkara ylmy-tehnologiýa parkynyň we Türkmenistanyň Daşky gurşawy goramak ministrliginiň wekilleri girdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.

Çärä sebit analitik merkezleriniň, CAREC agza ýurtlaryň, uniwersitetleriň, ösüş guramalarynyň we köpçülikleýin habar beriş serişdeleriniň 120-den gowrak wekili gatnaşdy.
Forumda çykyş edenler howanyň üýtgemeginiň barha artýan täsirlerine garşy durmakda agzybirligiň zerurdygyny bellediler, CAREC sebiti üçin durnukly, ýaşaýşa ukyply we abadan geljegi üpjün etmek üçin tejribe, meseleleri we üstünlikleri alyşmagyň zerurlygyny nygtadylar. Oňa gatnaşanlar dürli ýurtlarda howanyň üýtgemegine uýgunlaşmagyň şowly mysallaryny ara alyp maslahatlaşdylar, hökümetleriň, ýerli bileleşikleriň we jemgyýetçilik guramalarynyň täsirli klimat syýasatlaryny ösdürmäge gatnaşmagynyň möhümdigini bellediler.
Türkmen wekiliýeti forumda «Türkmenistanda howanyň üýtgemegi bilen bagly innowasiýalar we uýgunlaşma» temasyndan çykyş edip, howanyň üýtgemeginiň meselelerini çözmek boýunça ýurdumyzyň tejribesini we oňyn teklipleri bilen tanyşdyrdy, foruma gatnaşyjylary gyzyklandyrýan sowallara jogap berdi. Bilermenleriň we ösüş boýunça hyzmatdaşlaryň arasynda geçirilen çekişmeler howanyň üýtgemegini täsirini peseltmekde we olara uýgunlaşmakda innowasion tehnologiýalaryň ähmiýetine bagyşlandy. Çärä gatnaşanlar çalt tehnologiki ösüşiň mümkinçiligini we klimat çözgütleri üçin amatly sebit ekoulgamyny döretmegiň juda zerurdygyny nygtadylar.


şu gün 15:05
3.4k+

BMG: Adamzadyň geljegi ummanyň ýagdaýyna bagly, umman bolsa goraga mätäç

Klimatyň, azyk howpsuzlygynyň we dünýä ykdysadyýetiniň gönüden-göni bagly bolan bütindünýä ummany barha artýan howplar bilen ýüzbe-ýüz bolýar. Eger halkara derejesinde utgaşdyrylan çäreler görülmese, onuň......

düýn 17:48
5.7k+

Awazada Halkara ýoga güni bellenildi

7-nji iýunda Awazadaky «Tolkun» kottej toplumynyň kenarynda ýoga boýunça ussatlyk sapagy geçirildi. Bu çäräni her ýylyň 21-nji iýunynda bellenilýän Halkara ýoga gününi bellemegiň çäklerinde Hindistanyň......

düýn 12:12
3k+

Türkmenistanda gender deňligi boýunça 2030-njy ýyla çenli Hereketleriň milli meýilnamasy tassyklanyldy

Türkmenistanyň durmuş-ykdysady, jemgyýetçilik-syýasy we medeni-ynsanperwer ulgamlarynda alnyp barylýan işlere erkekleriň we aýallaryň deň derejede gatnaşmagyny üpjün etmek maksady bilen döwlet Baştutany Karara......

07.06.2026 17:05
8.4k+

Gradusyň ähmiýeti bar: tomusda awtoulagyň kondisionerinde nähili howp gizlenýär

Tomusda, uzak wagtlap yssyda bolnandan soň, awtoulagyň salonynyň birden sowadylmagy sürüjiniň we ýolagçylaryň saglygyna ýaramaz täsir edip biler. Hünärmenler gyzgyn awtoulaga girenden soň, kondisioneri derrew......