Arkadag şäheri «akylly» şäherleriň halkara sergisinde 3 sany baýrak aldy

  • 05.09.2024 14:42
  • 12k+

Arkadag şäheri «2024 World Smart City Expo» atly «akylly» şäherleriň halkara sergisinde birbada üç sany baýraga mynasyp boldy. Bu barada 4-nji sentýabrda Koreýa Respublikasynyň Goýang şäherinde geçirilýän serginiň baýrak gowşuryş dabarasynda yglan edildi.

Baýraklar sergä gatnaşyjylaryň arasynda aýry ugurlar boýunça has tapawutlanan şäherlere hem-de kompaniýalara gowşuryldy.
Hususan-da, Arkadag şäheri şu baýraklary aldy
:

  • Iň tapawutlanan «akylly» şäher (Smart City Excellence Award);
  • Daşary ýurt «akylly» şäheri (Foreign city award);
  • «World Smart City Expo 2024»  halkara sergisine goşan uly goşandy üçin (WSCE 2024 Contribution Award)

Baýrak gowşurylyş dabarasynda türkmen wekiliýetiniň ýolbaşçysy Türkmenistanyň Prezidentiniň ýanyndaky Arkadag şäheriniň gurluşygy boýunça döwlet komitetiniň başlygy D.Orazow hoşallyk sözi bilen çykyş etdi diýip, "Türkmenistan: Altyn asyr" elektron neşiri habar berýär.


şu gün 17:31
759

Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň mejlisi geçirildi

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Ykdysady hyzmatdaşlyk boýunça hökümetara türkmen-türk toparynyň dokuzynjy mejlisi geçirildi. Çärä Türkmenistanyň degişli ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş......

şu gün 15:39
1.3k+

Türkmen we amerikan işewürleri hyzmatdaşlygyň geljegini maslahatlaşdy

Aşgabatdaky Söwda-senagat edarasynda Türkmen-amerikan işewürlik geňeşiniň «tegelek stol» görnüşindäki maslahaty geçirildi. Çärä ýurduň ministrlikleriniň we pudaklaýyn dolandyryş edaralarynyň ýolbaşçylary......

düýn 16:07
2.6k+

Aşgabatda TurkmenTextile Expo — 2026 halkara sergi-ýarmarkasy açyldy

Şu gün Türkmenistanyň Söwda-senagat edarasynda «TurkmenTextile Expo — 2026» atly halkara sergi-ýarmarkasy öz işine başlady. Bu sergi dokma senagatynyň gazananlaryny görkezmek, işewürlik hyzmatdaşlygyny......

düýn 12:34
4.2k+

Türkmenistanda bugdaý oragyna badalga berildi

Türkmenistanda oba hojalyk pudagy üçin möhüm tapgyry alamatlandyrýan 2026-njy ýylyň bugdaý oragy möwsümine badalga berildi. Bu barada TDH habar berýär....