Bentley taryhynda iň kuwwatly we tygşytly sedanyny taýýarlaýar

  • 05.09.2024 11:19
  • 5.2k+

Bentley özüniň flagman sedany Flying Spur-yň täze görnüşiniň premýerasyna taýýarlanýar. Onuň tanyşdyrylyşy 10-njy sentýabrda geçiriler diýip, “Çempionat” ýazýar.

Kompaniýa bu awtomobiliň Bentley-iň 105 ýyllyk taryhynda iň kuwwatly, dinamiki we netijeli 4 gapyly awtomobil boljakdygyna wada berýär.
Täze awtoulagyň esasy aýratynlygy 575 kWt (782 at güýji) kuwwaty berýän täze Ultra Performance Hybrid hereketlendirijisi bolar. Güýç gurluşy 4 litrlik goşa turboly V8 hereketlendirijisine esaslanýar, ol eýýäm häzirki wagtda Bentley-iň iň kuwwatly ýol awtomobili bolan dördünji nesil Continental GT Speed-de özüni gowy tarapdan görkezip ýetişdi.
Gibrid hereketlendirijili täze Flying Spur hem Continental GT Speed ýaly haýran galdyryjy aýatynlyklara eýe bolar: 3,2 sekuntda tizligini sagatda 100 km çenli artdyrar, iň ýokary tizligi sagatda 335 km bolar.
Flying Spur-yň öňki nesilleri Bentley-iň iýul aýynda ýüz öwren 6 litrlik goşa turboly W12 hereketlendirijisi bilen üpjün edilipdi.

düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....