Aston Martin brendiň 111 ýyllyk taryhynda iň kuwwatly awtoulagy hödürledi

  • 05.09.2024 11:39
  • 7k+

Britaniýanyň Aston Martin lýuks awtomobil öndürijisi täze flagman superkary Vanquish-i hödürledi. Kompaniýanyň “111 ýyllyk taryhynda iň kuwwatly flagman” hökmünde häsiýetlendirýän bu awtomobili “ýokary derejede rahatlygyň, superkar öndürijiliginiň we ajaýyp dinamikanyň görlüp-eşidilmedik utgaşmasyny” wada berýär diýip, CarScoops ýazýar.

Vanquish 824 at güýjüni berýän goşa turboly 5,2 litrlik V12 hereketlendirijisi bilen üpjün edildi. Awtomobil 3,2 sekuntda tizligini sagatda 96 km çenli artdyryp bilýär, onuň iň ýokary tizligi bolsa sagatda 344 km ýetýär. Bu hem ony häzirki güne çenli Aston Martin-iň iň tiz tapgyrlaýyn awtomobiline öwürýär.
Vanquish elektrik rul güýçlendirijisiniň gaýtadan kalibrlenen ulgamyna, durnuklylyga gözegçilik etmegiň kämilleşdirilen elektron ulgamyna we kese durnuklylygyň has ýogyn stabilizatorlaryna eýe boldy.
Kompaniýa her ýyl bu modelden 1000  birlikden köp çykarylmajakdygyny habar berdi. 

düýn 09:56
2.3k+

BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis bir bitewi dolandyryş ulgamyny döredýärler

Ýewropanyň iň iri awtoulag öndürijileri bolan BMW, Mercedes-Benz, Volkswagen we Stellantis awtoulaglar üçin «Eclipse S-Core» dolandyryş ulgamyny bilelikde işläp düzmek barada ylalaşdylar. Bu taslama, hytaýly......

26.06.2026 00:00
2.7k+

10 minutlap sürüjisiz: Xiaomi YU7 GT «Nýurburingde» rekord goýdy

Xiaomi YU7 GT elektrokrossoweri «Nýurburing-Nordşlaýfe» ýoluny awtonom ýagdaýda (sürüjisiz) geçen ilkinji ulag boldy. Kompaniýanyň habar bermegine görä, maşyn 20,8 kilometrlik aýlawy 10 minut 29,483 sekuntda......

25.06.2026 08:11
1.9k+

Audi kompaniýasy ýolyşykda özi durýan täzelenen A3 hataryny hödürledi

Audi kompaniýasy täzelenen A3 awtoulag hataryny tanyşdyrdy. Bu hatara sedan, hetçbek we RS3 sport wersiýasy girýär. Esasy üýtgetmeler ulagyň içerki salonyna hem-de sürüjä kömek edýän elektron ulgamlara degişli......

24.06.2026 18:36
4.5k+

Ferrari sport ulaglary we elektromobilleri üçin sanly «mehanika» gutyny patentleşdirdi

Ferrari kompaniýasy transmissiýa bilen gönüden-göni mehaniki arabaglanyşygyň bolmagyna garamazdan, açyk kulisaly klassik mehaniki geçiriş gutusynyň işini gaýtalaýan transmissiýa selektoryna patent hasaba aldy....