Silwester Stallone “Rokkiniň” prikweliniň üstünde işleýär: waka boksçynyň ýaşlygyndan başlar

  • 03.09.2024 13:11
  • 7.4k+

“Rokki” franşizasyny dörediji we esasy keşbi ýerine ýetiriji Silwester Stallone meşhur filmiň prikweliniň üstünde işleýändigini habar berdi. Inspire Me UK podkastyna beren interwýusynda aktýor ssenariýanyň eýýäm birnäçe sahypasyny ýazandygyny we täze taslama boýunça aýdyň göz ýetirmeleriniň bardygyny aýtdy.

Stallone prikweliň gahrymanlaryň durmuşynyň has irki ýyllaryna bagyşlanjakdygyny belledi.

“Men ony özbaşdak ýazmagy dogry hasaplaýaryn. Edriany 15 ýaşda, Rokkini 17 ýaşda görmek... “Hanym we Ykmanda” ýaly, ýöne hakyky adamlar bilen. Bu ajaýyp bolar” – diýip, aktýor belledi. Gürrüň Rokki Balboanyň we geljekki söýgülisi Edrianyň ýaşlygy barada gidýär, bu asyl filmiň wakalaryndan öň gahrymanlaryň häsiýetlerini we olaryň ösüşini açyp görkezmäge mümkinçilik berer.

Häzirlikçe taslamanyň çykjak senesi ýa-da başga maglumatlar belli däl. Şeýle-de bolsa, franşizanyň muşdaklary meşhur boksçynyň taryhynda täze bir bölüme bil baglap bilerler. “Rokkiniň” 1976-njy ýylda çykan birinji bölümi Stallonä uly meşhurlyk we iň gowy erkek keşbi hem ssenariýa üçin “Oskar” baýragynda nominasiýa getirdi. Tutuş franşiza dünýä prokatynda 1 mlrd dollardan gowrak girdeji gazandy we Maýkl B.Jordan bilen “Krid” spin-offuna sebäp boldy. 


düýn 20:14
1.9k+

Baş keşpde Hýu Jekman bilen «Robin Guduň ölümi» filminiň dünýä premýerasy boldy

Şu gün bütin dünýäde Hýu Jekmanyň baş keşbi ýerine ýetirmeginde «Robin Guduň ölümi» (The Death of Robin Hood) filminiň prokaty başlandy....

düýn 11:08
2.2k+

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» taryhda iň çykdajyly film diýlip ykrar edildi

«Ýura eýýamynyň dünýäsi: Hökmürowanlyk» (Мир Юрского периода: Господство) filmi taryhda iň gymmat düşen kino taslamasy diýlip yglan edildi. «Fortune» neşiriniň maglumatlaryna görä, Universal Pictures......

18.06.2026 09:56
2.3k+

«Maşa we Aýynyň» üç aýy baradaky spin-offy peýda bolar

«Animakkord» studiýasy «Maşa we üç aýy» atly täze multserialy tanyşdyrdy. Ol «Maşa we Aýy» taslamasynyň spin-offy bolar diýip, «The Hollywood Reporter» habar berýär....

18.06.2026 09:53
1.8k+

«Magtymguly Pyragy» filmi Mariý Eldäki kinofestiwalda görkeziler

Mariý El Respublikasynyň paýtagty Ýoşkar-Ola şäherinde birinji Mariý halkara etnik kinofestiwaly geçirilýär. Bu festiwal Russiýanyň, GDA ýurtlarynyň, Aziýanyň we Ýewropanyň kino pudagynyň wekillerini bir ýere......