Hindistan 5 ýylda iň meşhur syýahatçylyk ugurlarynyň ilkinji onlugyna girmegi meýilleşdirýär

  • 03.09.2024 11:51
  • 5k+

Hindistan geljek bäş ýylyň dowamynda syýahatçylyk üçin iň meşhur global ugurlaryň ilkinji onlugyna girmegi meýilleşdirýär. Bu barada respublikanyň syýahatçylyk we medeniýet ministri Gajendra Singh Şekhawat “The Economic Times” gazeti tarapyndan guralan World Leaders Forum halkara ykdysady forumynda aýtdy diýip, TASS belleýär.

“Hindistan geljek bäş ýylda dünýäniň syýahatçylyk üçin iň gowy ugurlarynyň onlugyna girer” – diýip, gazet ministriň sözlerini getirýär. Häzir Hindistan 119 syýahatçylyk ýurdunyň arasynda 39-njy orny eýeleýär.
“Dünýä ykdysadyýetinde syýahatçylygyň goşandy, takmynan, 10,4%-e deň. Şunuň bilen deňeşdirilende, bizde häzir 7,9%. Biziň ykdysadyýete goşýan goşandymyz 10%-den geçer we biz geljek bäş ýylyň dowamynda ortaça global görkezijiden ýokary geçeris” – diýip, Şekhawat aýtdy.

Ministr 2047-nji ýyla çenli syýahatçylygyň esasy ugurlaryň birine öwrüljekdigini belledi. Häzirki wagtda daşary ýurt syýahatçylary Hindistanyň 28 ştatyndan 9-ysyna, şeýle-de Deli milli okrugyna baryp görýärler. Ýurduň 6 ştatynyň we Deliniň paýyna syýahatçylaryň 65%-i düşýär. Häkimiýetler ýurduň baý medeniýeti we aşhanasy bilen syýahatçylary çekip, beýleki sebitleri-de ösdürmegi maksat edinýärler.


düýn 16:40
1.9k+

​Ýewropanyň köne zawod-fabrikleri syýahatçylyk desgalaryna öwrüler: jahankeşdeligiň täze ugry

Ýewropanyň alty döwletiniň alty sany sebiti birleşip, senagat syýahatçylygyny ösdürmäge we senagat zolaklarynyň taryhy bilen baglanyşykly akylly-başly syýahatlary öňe sürmäge gönükdirilen «IndusTour»......

düýn 12:20
7.5k+

Gazagystanda 105 ýurduň raýatlary üçin ýurda girmek ýeňilleşdirildi

Indi 105 ýurduň raýatlary Gazagystana girmek üçin ilçihana barmazdan elektron wiza resmileşdirip bilýärler. Bu barada Orda.kz neşiri ýurduň Içeri işler ministri Jeržan Sadenowyň sözlerine salgylanyp habar......

05.06.2026 21:38
6.9k+

Beýik Britaniýada €6,8 milliarda «Universal» dynç alyş seýilgähi gurlar

NBCUniversal kompaniýasy Ýewropada ilkinji «Universal» göwün açyş we dynç alyş seýilgähini gurmak üçin 5 milliard funt sterlingden (6,8 milliard ýewro) gowrak maýa goýar....

05.06.2026 12:02
7k+

Laplandiýada syýahatçylary çekmek üçin gymmaty 20 müň ýewro bolan hazyna gizlenildi

Laplandiýadaky fin şypahanasy Lewi sebite gyş paslyndan başga döwürlerde hem köp syýahatçy çekmek maksady bilen, gymmaty 20 müň ýewro deň bolan hazynany gözlemek boýunça tomusky aksiýanyň başlanandygyny yglan......