BMW iň täze X3 krossoweri, M240i kupesi we sport M3 Competition 2025-i bilen tanyşdyrdy

  • 02.09.2024 17:55
  • 8.3k+

30-njy awgustda Çenduda Halkara awtoulag sergisinde BMW birnäçe täze modelini: BMW X3 krossowerini, M240i kupesini we sport M3 Competition 2025-i hödürledi diýip, IT Home neşiri habar berýär.

BMW X3
BMW X3-iň hytaý wersiýasy 2975 mm bolan tigir bazasyny aldy, bu Ýewropa görnüşiniňkiden 110 mm uly. Bu üýtgeşiklik yzky hataryň ýolagçylarynyň rahatlygyny ýokarlandyrýar. Awtoulag sanly gural paneli (12,3 dýuým), media ulgamyň dokuzynjy nesli (14,9 dýuým), simsiz zarýad beriji we beýleki innowasiýa funksiýalary bilen enjamlaşdyrylandyr.

  • Gabarasy: 4865 x 1920 x 1664 mm
  • Teker bazasy: 2975 mm
  • Motory: 2,0 litrlik B48B20W, kuwwaty 287 at güýji.
  • Geçirişi: 8 tizlikli awtomatiki geçiriş, ähli tekeri hereketli

BMW M240i Coupe

Täze BMW M240i kupesi M sport bukjasy bilen enjamlaşdyrylan we 59 000 dollardan satylýar. Içinde iki ekranly ýerleşiş we ses dolandyryşy üçin goldaw bar. Şeýle hem bu model köp bezeg elementlerini alýar we M Performtex sport oturgyçlary bilen enjamlaşdyrylandyr.

  • Motory: 6 silindrli, 3.0 l, kuwwaty 275 kWt
  • Geçirişi: 8 tizlikli awtomatiki geçiriş, ähli tekeri hereketli
  • Aýratynlyklary: M sport differensialy, sport podweskasy

BMW M3 Competition 2025

Bu model dürli reňkleri hödürleýär we uglerod süýümli üçegi, M Elite sport sürüş režimi we susak şekilli korbon oturgyçlary bar. Bahalar 122 000 dollardan 129 000 dollar aralygynda üýtgeýär.

  • Motory: 6 silindrli, 3,0 l, kuwwaty 530 at güýjüne çenli.
  • Geçirişi: 8 tizlikli awtomatiki geçiriş
  • Aýratynlyklary: Süýme diskler, altyn korbon-keramiki supportlar, 5G goldaw

18.06.2026 10:58
3.9k+

BMW X5 2026 krossoweri benzin, dizel, gibrid, elektrik we wodorod hereketlendirijilerini alar

BMW X5 modeliniň täze nesli (G65) «tehnologik bitaraplyk» konsepsiýasyny hödürlär. Geljekki ulagyň ýaşyrylan prototipleri ABŞ-nyň Spartanburg şäherindäki zawodynyň golaýynda synagdan geçirilýän wagty, bu......

01.06.2026 10:57
3.3k+

Emeli aň BMW-e wirtual kraş-testleri geçirmäge we heläkçilikleri modelirlemäge kömek eder

BMW Group awtomobil konserni wirtual kraş-testleriň we heläkçilikleriň kompýuter modelirlemesiniň prosesine emeli aň tehnologiýalaryny ornaşdyrmak üçin Fransiýanyň Mistral AI kompaniýasy bilen strategik......

28.05.2026 12:32
3.8k+

BMW iki millionynjy elektromobilini çykardy

BMW Group kompaniýasy özüniň iki millionynjy doly elektrikli awtoulagynyň önümçilikden çykandygyny yglan etdi. Eger-de kompaniýa birinji millionyny öndürmek üçin 11 ýyl sarp eden bolsa (2013-nji ýylda çykan......

27.05.2026 19:09
7.6k+

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly premium awtoulaglarynyň adyny aýtdylar

Bilermenler 2026-njy ýylyň iň ygtybarly kaşaň awtoulaglarynyň reýtingini düzdüler. Lexus-yň modelleri ilkinji iki orny eýeledi, Porsche bolsa sanawda iň köp awtoulagy bolan brend boldy, ýagny kompaniýanyň üç......