Türkiýeli Ýusuf Dikeç Olimpiýa oýunlarynda meşhurlyk gazanan duruş ýagdaýyny patentlemek isleýär

  • 02.09.2024 17:45
  • 11k+

2024-nji ýylda Parižde geçirilen Olimpiýa oýunlarynda kümüş medal gazanan türkiýeli atyjy Ýusuf Dikeçiň ýörite enjamsyz, asuda halda, bir elini jübüsinde saklap duran ýagdaýy sosial ulgamlarda uly meşhurlyk gazandy. TGRT Haber-iň habar bermegine görä, indi türgen bu duruş pozasyny patentlemek we öz haryt nyşanyna öwürmek kararyna geldi.

Dikeç Türkiýäniň patentler we haryt nyşanlary edarasyna ýüz tutdy. Iki hepde ozal bölüme Dikeçiň adyndan arza gelip gowşan eken, ýöne 51 ýaşly türgen şol arzanyň özüniňki däldigini habar berdi.

“Keseki adamyň arzasy bizi çäre görmeli diýen netijä getirdi. Türkiýä diňe bir kümüş medal getirmek bilen çäklenmän, eýsem ýurdumyzyň öňe gitmegine möhüm goşant goşan Ýusuf Dikeçiň haryt nyşany baradaky arzasyna seredilende biz höwes bilen araçy bolup çykyş ederis"- diýip, žurnalistler Markiz Patent kompaniýasynyň direktory Orhan Erimanyň sözlerini getirýär.


25.05.2026 23:07
9.2k+

Çempionlar ligasynyň 2026/27-nji ýyllar möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşjak 29 topar mälim boldy

Ýewropanyň iň uly futbol ýaryşy bolan UEFA Çempionlar ligasynyň täze möwsüminiň umumy tapgyryna gatnaşmaga hukuk gazanan 29 topar belli boldy....

19.05.2026 14:50
6k+

Türkmenistan 42 medal bilen jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda birinji orny eýeledi

Türkmenistanyň ýygyndy topary Türkiýäniň Antalýa şäherinde geçirilen kontakt jiu-jitsu boýunça dünýä çempionatynda 42 medal gazanyp, toparlaýyn hasapda birinji ýeri eýeledi....

10.05.2026 18:36
5.1k+

«Galatasaraý» 26-njy gezek Türkiýäniň çempiony boldy

Stambulyň «Galatasaraý» topary futbol boýunça Türkiýäniň 26-njy gezek çempiony diýen ady aldy....

06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....