Olimpiada-2024: altynjy ýaryş gününiň netijesi

  • 02.08.2024 16:22
  • 7.4k+

1-nji awgustda Pariždäki Olimpiýa oýunlary – 2024-de birbada 20 medal toplumy ugrunda bäsleşildi.

Medal sanawynda özi üçin adaty bolmadyk ýedinji orunda ýerleşen amerikan ýygyndysy dört altyn medal gazanyp, öňe saýlandy. Indi ABŞ-nyň hasabynda 37 medal (9-15-13) bar, bu hem ony ikinji orna çykardy. Ol diňe Hytaýdan yza galýar (11-7-6).
Üçünji orunda Oýunlaryň ýer eýeleri – Fransiýanyň milli ýygyndysy ýerleşýär (8-11-8), olar penşenbe güni diňe bir kümüş medal gazanyp bildiler. Üçünji orny eýelemek üçin Awstraliýa (8-6-4) we Ýaponiýa (8-3-5) hem bäsleşýär.

Esasy wakalar:

-           Gimnastika: Simona Baýlz şahsy köp görnüşli ýaryşda altyn medal gazanyp, alty gezek Olimpiýa çempiony boldy. Ol Oýunlar-2024-de eýýäm toparlaýyn köp görnüşli ýaryşda ýeňiji bolupdy.

-           Suwda ýüzmek: 200 metre arkanlygyna ýüzmekde wengriýaly Hubert Koş ýeňiş gazandy. Belläp geçsek, Huberte meşhur Bob Bouman – Parižde eýýäm üç altyn medal gazanan fransiýaly Leon Marşanyň halypasy tälim berýär.

-           Suwda ýüzmek: 17 ýaşly kanadaly Sammer Makintoş 200 metre batterflýaý usulda ýüzmekde Olimpiýa rekordyny goýdy. Bu onuň Oýunlar-2024-de ikinji altyn medalydyr.

-           Suwda ýüzmek: Awstraliýanyň ýygyndysy 4x200 metre erkin usulda estafeta ýaryşynda täze Olimpiýa rekordyny goýdy.

-           Ýeňil atletika: Ekwadoriýaly Braýan Pintado we hytaýly Ýan Szýaýuý 20 km sport ýörişinde çempion boldular.

-           Tennis: Polşaly tennisçi, dünýäniň birinji raketkasy Iga Swýontek finala çykyp bilmedi. 1/2 finalda ol dünýäniň ýedinji raketkasy hytaýly Çžen Sinwenden 2:6, 5:7 hasabynda utuldy.

-           Tennis: 37 ýaşly serbiýaly, dünýäniň ikinji raketkasy Nowak Jokowiç gresiýaly Stefanos Sisipasy (ATP reýtinginiň 11-nji belgisi) 6:3, 7:6 (7:3) hasabynda utup, ýarym finala çykdy. Jokowiçiň indiki garşydaşy italiýaly Lorenso Muzetti (16) bolar.

-           Sport atyşygy: Garyşyk jübütde 10 metrden pnewmatik sapançadan atmakda kümüş medal gazanan türkiýeli Ýusuf Dikeç internet-memleriniň gahrymany boldy. Çünki, 51 ýaşly türgen ýöriteleşdirilen esbaplary ulanmakdan ýüz öwürdi. Ol beýlekileriň has gowy nyşana almak üçin ýörite äýnekleri we gorag nauşniklerini ulanýan mahaly, özüniň adaty äýneginde çykyş etdi. Şol bir wagtyň özünde Dikeç elini jübüsine salyp, rahat ýagdaýda durdy we nyşana iki gözi bilen seretdi. “Maňa ýörite esbaplar gerek däl. Men – dogabitdi atyjy” – diýip, türgen türk KHBS-ine aýtdy.


06.05.2026 23:46
1.9k+

Täjigistanyň paýtagty World Judo Masters-2026 ýaryşyny kabul eder

Halkara dzýudo federasiýasy (IJF) dünýäniň iň abraýly ýaryşlarynyň biri bolan World Judo Masters ýaryşynyň 2026-njy ýylyň 18-20-nji dekabry aralygynda Duşenbe şäherinde geçiriljekdigini resmi taýdan yglan etdi....

06.05.2026 22:54
1.7k+

KHBS: HOK kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy

Halkara olimpiýa komiteti (HOK) kibersport boýunça ýöriteleşdirilen komitetiň işini togtatdy. Bu barada Ýaponiýanyň «Livedoor» neşiri habar berýär....

03.03.2026 11:20
3.3k+

Ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly auksionda tas dört esse gymmat satyldy

Ilkinji häzirkizaman Olimpiýa oýunlarynda gowşurylan medal auksionda 181,3 müň dollara satyldy. Onuň ahyrky bahasy çaklanylan bahadan tas dört esse ýokary boldy diýip, Reuters habar berýär. 1896-njy ýylda Afinada geçirilen ilkinji tomusky Olimpiýa oýunlarynyň kümüş medaly «Bruun Rasmussen Arts Auctioneers» onlaýn auksionynda satyldy...

23.02.2026 10:07
1.8k+

Werona kolizeýinde 2026-njy ýylyň Olimpiýa oýunlarynyň ýapylyş dabarasy geçirildi

Italiýada geçirilen 2026-njy ýylyň gyşky Olimpiýa oýunlary resmi taýdan tamamlandy. Ýapylyş dabarasy 22-nji fewralda Werona şäherindäki gadymy rim stadionynda (Arena di Werona biziň eramyzyň 30-njy ýyly töweregi gurlupdyr we hatda Rim kolizeýinden hem gadymydyr) geçirildi...