“Ferrariden” Şarl Lekler Italiýanyň Gran-prisiniň ýeňijisi boldy

  • 02.09.2024 17:39
  • 2.1k+

“Ferrariniň” ýaryşa gatnaşyjysy Şarl Lekler Monsa awtodromynda geçirilen “Formula-1-iň” Italiýanyň Gran-prisi tapgyrynda ýeňiş gazandy.

Lekler ýekşenbe güni geçen ýaryşyň 53 aýlawynyň jemi boýunça 1 sagat 14 minut 40,727 sekunt netijäni görkezdi.
Ikinji we üçünji orunlary “Maklareniň” sürüjileri eýeledi – awstraliýaly Oskar Piastri (+2,644 sekunt) we britaniýaly Lando Norris (+6,153). “Formula-1-iň” häzirki çempiony, “Red Bulldan” niderlandly Maks Werstappen pellehana altynjy bolup geldi (+37,932). Dördünji orny “Ferrariden” ispaniýaly Karlos Saýns eýeledi (+15,621). “Mersedesden” britaniýaly Lýuis Hemilton bolsa bäşinji boldy (+22,820).
Sanawyň yzyny dowam etdirýärler:
7. Jorj Rassel, Beýik Britaniýa, “Mersedes” (+39,715); 8. Serhio Peres, Meksika, “Red Bull” (+54,148); 9. Aleksander Albon, Tailand, “Uilýams” (+1.07,456); 10. Kewin Magnussen, Daniýa, “Hass” (+1.08,302).
Lekler “Formula-1” tapgyrlarynda ýedinji ýeňşini gazandy we Monsada ikinji ýaryşyň ýeňijisi boldy.


20.06.2026 20:28
15k+

46 ýaşly Ronaldinýo Italiýada futbolçy karýerasyny dikeldýär

«Altyn topuň» eýesi, braziliýaly Ronaldinýo Italiýanyň Seriýa S diwizionynda çykyş edýän «Rawenna» kluby bilen futbolçy hökmünde şertnama baglaşýar. Bu barada klubuň wise-prezidenti Ariedo Braida ANSA......

19.06.2026 19:42
1.6k+

Lýuis Hemilton "Ferrari-ä" geçeni bäri ilkinji ýeňşini gazandy

«Ferrari» toparynyň sürüjisi Lýuis Hemilton «Formula-1-iň» Ispaniýa Gran-pri tapgyrynyň ýeňijisi boldy....

09.06.2026 07:51
4.5k+

19 ýaşly Antonelli Monakonyň Gran-prisinden ýeňiş gazandy: bu onuň yzly-yzyna bäşinji ýeňşi

«Mercedes» toparyndan çempionatyň lideri Andrea Kimi Antonelli 2026-njy ýylyň Formula-1 möwsüminiň altynjy tapgyry bolan Monakonyň Gran-prisinde ýeňiş gazandy. Ýaryş 7-nji iýunda Monte-Karlo şäheriniň......

27.05.2026 18:20
7.3k+

Italiýanyň çempionatynda tälimçi duranok: «Milan» Allegrini işden boşatdy, Konte «Napoliden» gitdi

Italiýanyň A Seriýasynda 2025/26 möwsüm diňe bir «Interiň» ýeňşi we «Komo» klubunyň taryhy üstünligi bilen däl, eýsem top-klublaryň arasyndaky nobatdaky giň gerimli özgertmeler bilen hem jemlendi....