Türkmenistanda okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýän «E-mekdep» ulgamy işe girizildi

  • 02.09.2024 11:08
  • 11k+

Türkmenistanda orta mekdepleriň sanly dolandyryş ulgamy bolan «E-mekdep» ulgamy işläp başlady. Bu ulgam okuwçynyň gündeliginiň elektron görnüşini hödürleýär. Onuň üsti bilen okuwçynyň alan bahasy, okuw sapaklaryna bolan gatnaşygy, okuw sapaklarynyň rejesi, öwrenen temalary, öý işleri, mugallymyň bellikleri we berlen ýumuşlar barada onlaýn usulynda maglumat berýär diýip, Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň metbugat gullugy habar berýär.

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň Innowasiýa maglumat merkezi tarapyndan işe girizilen «E-mekdep» ulgamynda ata-enelere çagalarynyň okuwyna netijeli gözegçilik etmek arkaly olaryň bilimine goldaw bermek üçin örän peýdaly mümkinçilikler bar. Mysal üçin, okuwçynyň okuwa gatnaşygy barada maglumatlar, islendik wagt, işde bolsun ýa-da öýde, hakyky wagt tertibinde, ýagny onlaýn usulynda dessine SMS ýa-da sanly duýduryş görnüşinde «E-mekdep» mobil goşundy arkaly habarly bolup bilerler.
Okuwçynyň okuw sapaklarynda alan bahalary «E-mekdep» ulgamynyň ýörite programmalarynyň, enjamlarynyň we algoritmleriniň üsti bilen seljerilip, onuň haýsy okuw derslerine has köp höwesiniň bardygyny aňsatlyk bilen kesgitlemek mümkin. Şeýle hem, bu ulgam arkaly ata-eneler mugallymlar bilen aragatnaşygy döwrebap usulda guramaga mümkinçilik alarlar, olar mugallymyň bellikleri, okadýan mugallymlar barada maglumatlar bilen tanşyp bilerler.
Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamy Aşgabat we Arkadag şäherleriniň ähli orta mekdeplerinde ornaşdyryldy, beýleki welaýatlaryň orta mekdeplerinde bu platformanyň ýola goýulmagy boýunça işler alnyp barylýar.
«E-mekdep» ulgamyny ornaşdyrmak işi 2021-nji ýylda başlandy, şondan bäri ol birnäçe orta mekdeplerde synagdan geçirildi hem-de kämilleşdirildi.
Häzirki wagtda «E-mekdep» ulgamyny doly işjeň ýagdaýynda «Google Play» ýa-da «Appstore»-dan «emekdep» sözüni gözlemek arkaly, onuň mobil goşundysyny göçürip alyp bolýar.


30.05.2026 17:05
7.4k+

Türkmen talyby Amangeldi Murzaýew “GDA-nyň iň gowy talyby” boldy

Daşoguz welaýatynyň Akdepe etrabynyň 53-nji orta mekdebiniň uçurymy, häzirki wagtda Gazagystanyň paýtagty Astanadaky Lew Nikolaýewiç Gumilýow adyndaky Ýewraziýa Milli uniwersitetiniň (ÝMU) 4-nji ýyl talyby......

25.05.2026 20:48
3.7k+

Aşgabatdaky sergide eMekdep ulgamynyň mümkinçilikleri tanyşdyryldy

Aşgabatda paýtagtyň 145 ýyllygyna bagyşlanyp, giň gerimde geçirilen «Ak şäherim Aşgabat — 2026» halkara sergisi binagärlik we şähergurluşyk ulgamynda gazanan üstünlikleri, bu ugurda alnyp barylýan geljegi uly......

21.05.2026 17:50
2.3k+

Türkmenistan we OpenAI bilim ulgamynda emeli aňy ornaşdyrmak barada maslahatlaşdy

Türkmenistanyň Bilim ministrliginiň wekilleri Londonda geçirilen «Education World Forum 2026» Bütindünýä bilim forumynyň çäginde OpenAI kompaniýasynyň wekilleri bilen iş duşuşygyny geçirdi. Taraplar bilim......

21.05.2026 10:38
1.8k+

Oguz han adyndaky ITU-nyň talyplary halkara kiber bäsleşiginde uly üstünlik gazandy

Russiýa Federasiýasy tarapyndan GDA agza ýurtlaryň arasynda geçirilen «Sanly ulgam üçin hünärmenler. Kiber meýdançasynda ýaryş görnüşinde gutarnykly taslama-konstruktorçylyk çözgütlerini döretmek» atly halkara......